Teatr sungatynyñ ussady Türkmenistanyñ Halk artisti Halbike Dowyýewa bilen duşsuşyk


      Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyñ Halk artisti Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Halbike Dowyýewa bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligi “Halk sazy” hünäriniň II ýyl talyby, Ýaş alymlar geňeşiniň ýanyndaky talyp döredijilik toparynyň agzasy Sahadursyn Mätiýewa alyp bardy. Duşuşyga konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary gatnaşdy.  
      Duşuşygymyzyň başynda myhmanymyz Halbike Dowyýewa özüniň döredijilik ýoluna gelşi barada gyzykly gürrüňleri berdi. Onda talyp-ýaşlar dürli temalarda özini gyzyklandyrýan birnäçe soraglary berdiler, sungat ussady Halbike Dowyýewa bolsa öziniň baý durmuş we döredijilik tejribesinden ugur alyp, birnäçe mysallaryň we tejribeleriň üsti bilen jogap berdi. Duşuşygyň dowamynda Halbike Dowyýewanyň öz ýerine ýetirmeginde birnäçe ajaýyp, şirin owazly aýdymlar ýaňlandy. 
    Diňleýjiler ýaňky ýaňlanan aýdymlardan täsir alyp myhmana özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip sorag-jogap alyşdylar. Soňra “Halk sazy” fakultetiniñ II ýyl talyby Sahadursyn Mätiýewanyň çykyş etdi. Halbike Dowyýewa talyplara talyp ýaşlaryň hünärine bolan söýgüsini artdyrmaklyk babatynda gymmatly maslahatlary has hem täsirli boldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda beter gyzykly gürrüňleri we maslahatlary üçin konserwatoriýanyň mugallymlary, talyplary tarapyndan myhmana hoşlaşyk sözleri aýdyldy.   



Aýnur NURYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
 “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm