Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmenistanyň Bilim ministri Täjigistanyň Bilim we ylym ministri bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Bilim ministri Täjigistanyň Bilim we ylym ministri bilen duşuşyk geçirdi

24 Oct 2026, 16:30 29

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabry. Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna jogapkär ministrleriniň Tegelek stol duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Täjigistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministri Rahim Saidzoda bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ministrler türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň bilim ulgamyndaky ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.

Täjik tarapy Türkmenistanyň Hökümetine gurlan Magtymguly adyndaky türkmen mekdebi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu mekdepde bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen täjik tarapy okuw kitaplary we maksatnamalary, şeýle hem mugallymlary taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi haýyş etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda mugallymlary gaýtadan taýýarlamak we gysga möhletli tejribe okuwlaryny guramak boýunça hukuk binýadyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň ministrlikleriniň we bilim edaralarynyň arasyndaky aragatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

«Köp dilli bilim arkaly Merkezi Aziýada we Mongoliýada sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly Tegelek stol duşuşygy ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň başlangyjy bilen 22-nji oktýabrda Aşgabatda geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri we hünärmenler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi