Esasy mazmuna geç
Ajaýyp eserler ýaňlandy
Ajaýyp eserler ýaňlandy
Ajaýyp eserler ýaňlandy

Ajaýyp eserler ýaňlandy

23.10.2026
12
Konsertler

     Saz-ynsan kalbynyň dilidir, köňül künjegine aralaşýan, ruha ganat berýän güýçdir. Ol täsirli güýji bilen dünýäni parahatçylyga, gözellige we parahat duýgulara çagyrýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýän ýaş sazanda mugallymlaryň "Zehin joşguny" ady bilen geçirilýän saz festiwalynyň çäklerindäki konsertler olaryň öz hünärlerinde has-da kämillik derejeler ýetmeginde oňyn netijelerini berýär. 
     Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda estrada sungaty kafedrasynyň ýaş mugallymlary Welimuhammet Toýlyýewiň we Yhlas Sopyýewiň bilelikdäki konserti geçirildi. Ýaş mugallymlar birnäçe ýyllaryň dowamynda halypalardan öwrenen dünýä saz sungatynda aýratyn orny eýeleýän nusgawy eserleri ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Diňleýjilerine ruhy lezzet paýlan aýdym-sazly agşamda dünýä klassiki saz sungatynyň iň gözel, çuňňur eserlerini ýaňlandy. Konsertiň dowamynda türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň görnükli wekilleriniň biri ussat Nury Halmämmedowyň fortepiano üçin ajaýyp eserleri, Aman Agajykowyň «Aýly agşam» eseri, dünýä meşhur kompozitor Frederik Şopeniň dünýä meşhur eserleri ýokary derejede ýaňlandy. 
     Türkmen saz sungatymyzyň taryhynda we halkymyzyň kalbynda çuňňur orun alan  Nury Halmämmedowyň «Dutaryň owazy» eseriniň ýerine ýetirilmegi konserte özboluşly milli öwüşgin berdi. Dutaryň müň bir syrly owazyny özünde jemleýän bu saz diňleýjilerde aýratyn täsirli pursatlary döretdi. 
     Konserdiň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Gülnar ATAÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.