Esasy mazmuna geç
Bagtyýar talyplaryň üstünlikleri
Bagtyýar talyplaryň üstünlikleri
Bagtyýar talyplaryň üstünlikleri
Bagtyýar talyplaryň üstünlikleri
Bagtyýar talyplaryň üstünlikleri
Bagtyýar talyplaryň üstünlikleri
Bagtyýar talyplaryň üstünlikleri
Bagtyýar talyplaryň üstünlikleri
Bagtyýar talyplaryň üstünlikleri

Bagtyýar talyplaryň üstünlikleri

10.10.2026
146
Bilim

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ýaşlaryň halkara giňişliginde öz zehinlerini görkezmek üçin ähli şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen talyplary halkara bäsleşikde ýokary netijeleri gazandylar.
     2026-njy ýylyň 5-nji we 9-njy oktýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň “Ýigriminji ýubileý ýaşlar Delfi oýunlary” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige 9 sany döwletden 350 sany bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kirişli saz gurallary”, “Opera sungaty”, “Estrada sungaty” hem-de “Fortepiano” hünärinde okaýan talyplar üstünlikli çykyş etdiler. Olar deň-duş okuwçy-talyplaryň arasynda öz ugurlary boýunça çykyş edip "Kirişli saz gurallary" hünäriniň 5-nji ýyl talyby Seýran Ataniýazow II orna hem-de "Opera sungaty" hünäriniň 1-nji ýyl talyby Äsal Ruslanowa, "Estrada sungaty" hünäriniň 1-nji ýyl talyby Anna Weliahmedowa diploma mynasyp boldular.
     Ýeňiji we hormat hata mynasyp bolan talyplarymyz bu şatlykly pursatdan peýdalanyp ýaşlara edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alan bilimlerini eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine gönükdirjekdiklerini, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny halkara giňişlikde mundan beýläk-de belende götermäge çalyşjakdyklaryny aýdýarlar.