“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň hepdeligi geçirildi
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda medeniýetimiziň we sungatymyzyň pajarlap ösmeginde, taryhda yz goýan beýik şahsyýetleriň, şahyrlaryň, kompozitorlaryň, sazandalaryň ömür we döredijilik ýoluny dünýä ýüzüne äşgär etmekde ýurdumyzda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Bu ugurda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlary ýaş nesillere sungatyň inçe syrlaryny, taryhyny öwretmekde mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle işler ýokary okuw mekdebinde geçirilýän kafedralaryň hepdelikleriniň çäginde hem dowam etdirilýär.
2026-njy ýylyň mart aýynyň 24-28-i aralygynda “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäginde halypa mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçirildi. Olardan kafedranyň dosenti B. Rejepmedowyň talyp ýaşlar bilen “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynda talyplaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny kämilleşdirmekde tehniki serişdeleriň ähmiýeti” atly ussatlyk sapagy, Türkmenistanyň at gazanan artisti, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy M. Annamyradowyň gurnamagynda kamera sazlaryndan düzülen konserti, konserwatoriýamyzyň halypa mugallymlary bilen bilelikde, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda ylmy-usuly maslahat aýratyn bellenilmeli işleriň biridir. Maslahatyň dowamynda mugallymlar üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynda dem alnyşyň we saz frazirowkasynyň, artikulýasiýa we ştrihleri ýerine ýetirmegiň usullarynyň, saz eşidiş ukybynyň, saz gurallaryň döreýşiniň, gönükmeleriň, gammalaryň, etýudlaryň üstünde işlemekligiň, kiçi we uly göwrümli eserleriň üstünde işlemegiň aýratynlyklary barada çykyş etdiler. Hepdeligiň jemleýji güninde üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň ajaýyp konserti ýokary derejede geçirildi. Konsertde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy eserleri bilen birlikde, häzirkizaman eserleri hem ýaňlandy. Hepdeligiň ýapylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sungatymyzy öwrenmekde, ýaşlara bilim bermekde döredilip berilýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gülzada MEREDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hünäriniň I talyby.
