Esasy mazmuna geç
Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasy

Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasy

Konserwatoriýanyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasy ilkinji açylan kafedralaryň biri bolup, 1977-nji ýylda özüniň uçurymlaryny goýberip başlaýar. Şu wagta çenli kafedra boýunça ençeme hünärmen taýýarlandy. Bu hünärden bilim alan ýaşlar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde, sazly drama teatrlarda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde, medeniýet öýlerinde hem ýurdumyzyň beýleki dürli aýdym-saz ojaklarynda işleýärler.