Esasy mazmuna geç
Kompozisiýa we gurallama kafedrasy

Kompozisiýa we gurallama kafedrasy

    Bu kafedra 1990-njy ýyllarda “Sazyň taryhy, nazaryýeti we kompozisiýa” kafedrasyndan bölünip aýratyn kafedra hökmünde işläp başlady. Milli kompozitorçylyk mekdebiniň döredilmegi bilen, bu hünäriň ussat halypalary tarapyndan dünýä derejesindäki saz nusgalaryna esaslanýan ençeme saz eserleri döredildi. Olaryň dürli aýratynlyklary bolsa ösüp gelýän ýaş nesillere öwredilip, talyplaryň dürli mazmundaky eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Häzirki zaman saz talaplaryny ödemekde bu hünärden bilim alýan talyplar saz älemine uly goşant goşýarlar. Kafedranyň halypa mugallymlarynyň hem talyplarynyň döreden ajaýyp aýdym-saz eserleri döwlet derejesinde geçirilýän dabaraly çärelerde, baýramçylyklarda ýokary derejelerde ýerine ýetirilýär.