Sazyň nazaryýeti kafedrasy ýokary saz bilimini berýän edaranyň düzüminde ilkinji gezek Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň açylan ýylyndan Sazyň taryhy, nazaryýeti we kompozisiýa birleşen kafedra görnüşinde işe başlaýar. Kafedra dürli ýyllarda Weli Muhadow, Aşyr Kulyýew, Nailiýa Abubakirowa, Zewar Guseýnowa, Fatima Abukowa, Wladimir Gurewiç, Meret Annamyradow, Ýelena Osipowa ýolbaşçylyk etdiler.
Kafedrada geçen ýyllaryň dowamynda işlän mugallymlar: sungaty öwreniş ylymlaryň doktory, professor Wladimir Gurewiç, sungaty öwreniş ylymlaryň doktory Zewar Guseýnowa, sungaty öwreniş ylymlaryň doktory Şahym Gullyýew, sungaty öwreniş ylymlaryň kandidaty, professor Nailiýa Abubakirowa, A. Lysenkow, sungaty öwreniş ylymlaryň kandidaty B. Borisow, Almira Bannahýan, TMK-nyň uly mugallymy Swetlana Iwanowa, G. Aržanowskowaýa, sungaty öwreniş ylymlaryň kandidaty L. Nowikowa, sungaty öwreniş ylymlaryň doktory F. Abukowa, T. Myradowa.
1980-nji ýyllarda kafedranyň düzümi TDPSI-nyň uçurymlary bilen doldurylýar (Elwira Swidenko, Natalýa Ageýewa, Lýudmila Toporkowa, Ýelena Osipowa, Zulfiýa Jumagulyýewa, Olga Dadaşewa, W. Trutnewa, Gurbangül Mämmedowa, Tatýana Litwina, Gülbahar Ýazmämmedowa). Şol bir wagtda kafedra Moskwa konserwatoriýasynyň uçurymlary I. Kowbas (sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Daşkent), Igor Pinhasow (Daşkent), N. Mekaýewa (sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Moskwa) gelýärler.
Kafedrada dürli ýyllaryň dowamynda görnükli türkmen kompozitorlary Weli Muhadow, Aşyr Kulyýew, Çary Nurymow, Rejep Allaýarow, Daňatar Hydyrow, Jeren Gurbangylyjowa we beýlekiler sapak berdiler.
Soňky ýyllarda kafedranyň gurluşy birnäçe gezek üýtgedilip, häzirki döwürde üç özbaşdak kafedra bölünýär: Sazyň nazaryýeti, Sazyň taryhy, Kompozisiýa we gurallama.
Häzirki döwürde Sazyň nazaryýeti kafedrasynda 13 mugallym zähmet çekýär: Şemşat Annagylyjowa (kafedra müdiri, uly mugallym), Rasul Amangeldiýew (sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym), Gurbangül Mämmedowa (“Watana bolan söýgisi üçin” medalynynyň eýesi, Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň dekany, uly mugallym), Ýelena Osipowa (“Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň eýesi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, dosent), Zulfiýa Jumaguylýewa (“Gaýrat” medalynyň eýesi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym), Swetlana Iwanowa (“Garaşsyzlygyň XX ýyllygy” ýubileý medalynyyň eýesi, uly mugallym), Gunça Meredowa (uly mugallym), Jahan Paýtakowa (uly mugallym), Zöhre Gabibowa (uly mugallym), Miwegözel Saparmyradowa (uly mugallym), Zamira Mamedkuliýewa (uly mugallym), Oraztäç Amanmyradowa (mugallym), Ogulnabat Berdiýewa (mugallym).
Dürli ýyllarda kafedranyň mugallymlarynyň monografiýalary çap edildi. Ýokary we ýörite orta okuw mekdepleri üçin dürli dersler boýunça birnäçe okuw kitaplary we okuw gollanmalary döredilýär. Olardan indikileri agzamak bolar: “Saz eserleriniň derňewi” (R. Amangeldiýew we başg. 2017 ý.), “Türkmen kompozitorlarynyň eserleriniň derňewi” (R. Amangeldiýew we başg. 2014 ý.), “Polifoniýa” (Z. Jumagulyýewa, G. Jumagulyýew. 2012 ý.), “Türkmen sazynyň teoriýasy. I bölüm” (R. Muhammedow, Ý. Osipowa. 2025 ý.), “Türkmen sazynyň teoriýasy. III bölüm” (S.Tüýliýew. 2014 ý.), “Türkmen halk sazlary” (Ý.Rejepow. 2020 ý.), “Dutar sazlary” (Ý.Rejepow. 2015 ý.), “Türkmen kompozitorlarynyň döredijiligi. II kitap” (G.Ýazmämmedowa we başg. 2022 ý.), “Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasy” (R. Amangeldiýew. 2024 ý.), “Композиционные модели туркменской народной музыки” (Ý.Osipowa. 2026 ý.).
Kafedralaryň mugallymlary ylmy-barlag we ylmy-usulyýet makalalary bilen döwürleýin neşirde çykyş edip durýarlar. Mugallymlaryň ylmy işleri daşary ýurt neşirlerinde hem yzygider çap edilip gelýär.
Häzirki döwürde döredijilik gözlegleri köp ugurlar boýunça alnyp barylýar we türkmen sazşynaslyk ylmynyň dürli döwürlere degişli taryhy-nazaryýet meselelerine aýratyn üns berilýär. Alnyp barylýan ylmy barlaglaryň esasy ugurlary halk saz döredijiligi, kompozitorlyk döredijiligi, däp bilen täzeçilligiň arabaglanyşygy, milli däpleriň türkmen kompozitorlyk döredijiligine ýetirýän täsiri we ş.m. meselelere bagyşlanan. Kafedranyň mugallymlary daşary ýurtlarda we Türkmenistanda halkara derejede, şeýle-de döwlet derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, simpoziumlara, ylmy-nazaryýet bäsleşikerine işjeň gatnaşýarlar. Kafedranyň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda sazşynas-talyplar Türkmenistanda, daşary ýurtlarda, şeýle-de konserwatoriýanyň özünde geçirilýän bäsleşiklere, ylmy-amaly maslahatlara we beýleki döredijilik çärelerine işjeň gatnaşyp, gowy netijeleri gazanýarlar.
Sazyň nazaryýeti kafedrasy
Kafedralar
Sazyň taryhy kafedrasy
Sazyň nazaryýeti kafedrasy
Kompozisiýa we gurallama kafedrasy
Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasy
Kirişli saz gurallary kafedrasy
Estrada sungaty kafedrasy
Halk saz gurallary kafedrasy
Türkmen sazy kafedrasy
Bagşyçylyk sungaty kafedrasy
Dirižýorlyk kafedrasy
Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasy