Esasy mazmuna geç
Türkmen sazy kafedrasy

Türkmen sazy kafedrasy

Türkmen sazy kafedrasy milli dutar, gyjak hem gargytüýdük dersleri boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Bu kafedranyň mugallymlary talyplara bilim bermekde Hormatly Prezidentimiziň dikeldip beren halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýokary derejelerde berjaý edýärler. Milli saz gurallarymyzdan bilim berýän mugallymlaryň ençemesi hormatly atlaryň, döwlet sylaglarynyň eýeleri bolmak bilen, olaryň ýetişdirýän şägirtleri hem bu günki günlerde milli ýerine ýetirijiligi ösdürip, uly sylag-hormata mynasyp bolýarlar.