Bilim pudagynda halkara gatnaşyklar berkeýär
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýä giňişliginde medeni diplomatiýanyň we halkara hyzmatdaşlygyň iň işjeň merkezleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ylym-bilim we medeniýet-sungat ulgamlaryny kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek hem-de milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň bilim işgärlerine döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde ýurdumyzyň wekilleri dünýä derejesindäki iri çärelere işjeň gatnaşýarlar.
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde bilim, medeniýet, sungat we häzirki zaman döredijilik dünýäsi üçin ähmiýetli bolan "Medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw industriýalary ösdürmek" atly halkara maslahatyna gatnaşdy. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen abraýly bilim işgärleriniň, alymlaryň we medeniýet wekilleriniň gatnaşmagynda guralan bu maslahatda halkara hyzmatdaşlygyň täze gurallary we medeni diplomatiýanyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu halkara forumyň çäginde geçirilen "Medeniýetara dialog, häzirki zaman manylary we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri" atly panel ara alyp maslahatlaşmasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň okuw işleri boýunça prorektory B.Gutlymyradow hem çykyş etdi. Maslahatlaşmanyň dowamynda kinemotografiýa, teatr sungaty, kitaphana we muzeý işi, aýdym-saz medeniýeti, şeýle hem döredijilik bilimi ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlary we gelejekki mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Bu ugurda umumy medeni mirasy gorap saklamak, hünär we institusional gatnaşyklary pugtalandyrmak, bilelikdäki taslamalary goldamak, medeni alyş-çalyşlary giňeltmek hem-de jemgyýetiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. B.Gutlymyradow öz çykyşynda türkmen aýdym-saz sungatynyň baý mirasyny häzirki zaman bilim ulgamy bilen utgaşdyrmak, ýaş zehinleri halkara derejede ösdürmek baradaky milli tejribäni paýlaşdy.
Şeýle halkara maslahatlara türkmen professional saz sungatyndan wekilleriň gatnaşmaklygy ýurdumyzyň ýokary saz biliminiň dünýä giňişligine işjeň goşulýandygynyň we milli medeniýetimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geçirilen maslahatyň netijeleri boýunça öňümizdäki ýyllarda halkara derejesindäki bilelikdäki ussatlyk sapaklarynyň, konsertleriň we ylmy-amaly maslahatlaryň guralmagyna garaşylýar.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny täze belentliklere tarap alyp barýan, halkara tejribeleri alyşmaga giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Röwşen ATAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sazyň taryhy" kafedrasynyň mugallymy.