Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Ylmy-amaly maslahaty geçirildi

22 Sep 2026, 17:53 117

2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk milletiň buýsanjydyr» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, önümçilikde zähmet çekýän ugurdaş hünärmenler, aspirantlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahat öz işini esasy mejlisde we «Garaşsyzlyk bagtyň şuglasy», «Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Sanly ykdysadyýet we energetiki menejment», «Garaşsyzlyk ýyllarynda energetika pudagynyň ösüşi» hem-de «Energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň tehnologiýalary» atly 5 bölümçede dowam etdi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda 100-e golaý ylmy çykyşlary diňlenildi. Soňra bolsa, institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, Türkmenistan Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Maslahata ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty