Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
MIRASA SÖÝGI — WATANA SÖÝGI

MIRASA SÖÝGI — WATANA SÖÝGI

21 Sep 2026, 16:46 124

Ýaş nesilleri watansöýüji we baý taryhy-medeni mirasymyza çuňňur hormat goýmak ruhunda terbiýelemek — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň öňünde duran iň möhüm we mukaddes wezipeleriň biridir. Çünki geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň taryhymyza bolan söýgüsini artdyrmak, olaryň kalbynda Watana bolan ynamy we buýsanjy has-da pugtalandyrýar.

Mekdep okuwçylarynda Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny kemala getirmek, olaryň Watana wepaly, taryhymyza, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize hormat goýýan ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlaryň  mekdepde alýan nazary bilimlerini amaly sapaklar, täsirli gezelençler bilen utgaşdyrmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap bilim bölümi tarapyndan tassyklanan meýilnama esasynda hem giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şol meýilnama boýunça 2026-2027-nji okuw ýylynda etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň taryhy ýadygärliklere hem-de muzeýlere gezelençlerini guramak göz öňünde tutuldy. Ýaňy-ýakynda etrabyň 4-nji orta mekdebiniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň Gyzylarbat şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine täsirli gezelençleri guraldy.

Muzeýiň gapysyndan giren her bir okuwçynyň gözlerinde uly bilesigelijilik we buýsanç duýgularyny görmek bolýar. Okuwçylar gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan buýsançly taryhymyz, ata-babalarymyzyň döreden beýik medeniýeti, mukaddes topragymyzdan tapylan gadymy taryhy ýadygärlikler, şeýle hem halkymyzyň gündelik durmuşyny, zähmetini we sungatyny şöhlelendirýän baý etnografik eksponatlar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Gezelenjiň dowamynda taryh mugallymynyň we muzeý hünärmenleriniň beren gyzykly maglumatlary, taryhy tapyndylaryň döreýiş we tapylyş taryhy baradaky söhbetdeşlikleri okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Kitap sahypalarynda okalan taryhy wakalaryň hem-de zergärçilik sungatynyň seýrek duş gelýän nusgalarynyň garşysynda ýüzbe-ýüz durmak okuwçylaryň alýan bilimleriniň üstüni ýetirdi we olaryň taryha bolan höwesini has-da artdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, muzeýler diňe bir geçmişiň gymmatlyklaryny saklaýan ýer bolman, eýsem, olar geljekki nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýän, bilimiň hem-de medeniýetiň altyn ojagydyr. Şeýle gezelençler okuwçylaryň gözýetimini giňeltmek bilen bir hatarda, olaryň milli gymmatlyklarymyza bolan sarpasyny artdyrýar.

Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän, ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, giň gözýetimli we Watana wepaly bolup ýetişmegi barada yzygiderli alada edýän türkmen halkynyň Millı Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys. Şeýle hem olara berk jan saglygyk, uzak ömür we tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Gülbahar Ussaýewa,

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň hünärmeni