Skip to main content

Milli sungatyň we dünýä klassykasynyň sazlaşygy

27.11.2026
15
Concerts

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, halkymyzyň baý ruhy mirasyny dünýä ýaýmak, ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi, zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle çäreleriň biri hem bilim ojagymyz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Umumy fortepiano» kafedrasynyň gurnamagynda geçirilen hasabat konsertidir. Bu konsertda «Umumy fortepiano» kafedranyň mugallymlarynyň taýýarlan talyplarynyň çalmaklarynda birnäçe saz eserleri ýaňlandy.
     P. I. Çaýkowskiniň «Barkarolla» eseri,  M. Glinkanyň «Krakowiak» eseri hem-de F. Şopeniň mazurkalary konsertiň nusgawy sazçylyk öwüşginini has-da baýlaşdyrdy. Şopeniň №43 mazurkasy we g-moll mazurkasy arkaly fortepiano eserleriniň inçe liriki häsiýeti, milli tans äheňleri we çeper beýan ediş mümkinçilikleri açylyp görkezildi. D. Danklanyň «Вариация на тему Беллини» eseri bolsa tema we wariasiýa görnüşiniň aýratynlyklary diňleýjilerde has-da täsir galdyrdy. Bu konsertda türkmen sazçylyk sungatynyň görnükli wekili N. Halmämmedowyň eserleri hem aýratyn orun eýeledi. Kompozitoryň «Ýeserje geçi we oglanjyk», «Leňňeç», «Prelýudiýa», «Dutaryň owazy» hem-de «Toý kerweni» ýaly eserleri milli saz äheňleriniň baýlygyny, halk döredijiliginden gözbaş alýan öwüşginleri we türkmen sazyndaky özboluşlylygy şöhlelendirdi. Bu eserleriň ýerine ýetirilmegi ýaş sazandalaryň milli saz mirasyna düşünmeklerinde, onuň çeperçilik aýratynlyklaryny duýmaklarynda möhüm ähmiýete eýedir.
     Konsertde P.I.Çaýkowskiniň «Tans fen Draže» eseri, onuň «Ýylyň pasyllary» toplumyndan «Oktýabr» atly eseri, şeýle-de W. A. Mosartyň 40-njy simfoniýasynyň g-moll eserinden bölek ýaly dünýä saz hazynasynyň ajaýyp nusgalary hem ýerine ýetirildi. Türkmen kompozitory Ç. Nuryýewiň «Hoşlaşyk aýdymy» we «Teňe nagyşlary» ýaly eserleri bolsa  diňleýjiler tarapyndan gyzgyn el çarpyşma mynasyp boldy.
     Hasabat konsertiniň ähmiýeti diňe bir saz eserleriniň ýerine ýetirilmegi bilen çäklenmeýär. Ol talyplaryň okuw döwründe alan nazary bilimlerini we amaly başarnyklaryny sahnada görkezmäge, ýerine ýetirijilik tejribesini artdyrmaga, köpçüligiň öňünde özüni alyp barmak medeniýetini ösdürmäge giň mümkinçilik döredilýär. 
     Konserwatoriýada alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerinde mugallymlaryň döredijilikli zähmeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Maksatnamada çykyş eden talyplaryň taýýarlygynda kafedranyň mugallymlarynyň hünär tejribesi, yhlasy we halypaçylyk goldawy duýuldy. Halypa bilen şägirdiň arasyndaky döredijilik arabaglanyşygy saz sungatynyň dowamlylygyny görkezýär. Şonuň üçin hem şeýle konsertler ýaş zehinleriň kemala gelmeginde, olaryň özbaşdak pikirlenýän we ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.
     «Umumy fortepiano» kafedrasynyň I ýarym ýyllyk hasabat konserti hem şol döredijilikli ösüşiň, yhlasly zähmetiň we saz sungatyna bolan çuňňur söýginiň netijesidir. Konsertiň dowamynda ýaňlanan nusgawy we milli eserler diňleýjilerde ýakymly täsir galdyryp, talyplaryň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň yzygiderli kämilleşýändigini görkezdi. Şu pursatdan  peýdalanyp medeniýetimiziň sungatymyzyň hak howandary  Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris!

Göwher KULYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyñ
,,Hor diriżýorlygy"hünäriniñ IV ýyl talyby