Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda milli mirasymyza, medeniýetimize-sungatymyza, çeper edebiýatymyza uly sarpa goýulýar. Esasan hem türkmen edebiýatynda yz galdyran ýazyjy-şahyrlarymyzy sarpalamaklyga uly üns berilýär. Çünki ussat sungatyň wekilleriň döredijiligini öwrenmeklik ýaş nesillerimiziň kämil bolup ýetişmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar-watanyň daýanjy” atly kitabynda :” Milli edebiýatymyzyň ýeten derejesine buýsanmak, ony ruhy mirasymyz deý aýawly saklamak mukaddes borjumyzdyr. Edebiýat meýdany - üstünden eýýamlaryň kerweni geçen giňişlik. Edebiýat maddy baýlyk däl-de, altyn-kümüş bilen satyn alyp bolmaýan ruhy hazynadyr. Edebiýat haçanda adam ykbalyna öwrülende, hakyky hem baky bolýar” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Ynha şu ýyl hem türkmen edebiýatynda uly yz galdyran gözel tebigatymyzyň waspçysy hökmünde tanalýan türkmen şahyry Halyl Kulyýewiň doglan günine 90 ýyl dolýar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň gurnamagynda şahyr Halyl Kulyýewiň doglan güniniň 90 ýyllygy mynasybetli “Baharyň şahyry” ady bilen kitap sergisi we talyp ýaşlaryň arasynda söhbetdeşlik gurnaldy. Çäräniň dowamynda Şahyr Halyl Kulyýewiň ömri we döredijiligi hakynda söhbetdeşlik gurnaldy. Halyl Kulyýew 1936-njy ýylyn 7-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Birata (oňki Darganata) etrabynyň Şyharyk obasynda eneden bolýar. Dogduk obasynda orta mekdebi tamamlandan soň, iki ýyl mugallym bolup işlän şahyr, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1960-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. Şahyry uniwersitetiň türkmen edebiýaty kafedrasyna mugallym edip işe alyp galýarlar. Halyl Kulyýew ömrüniň ahyryna çenli mugallymçylyk kärini dowam etdirýär. Talyplyk ýyllarynda Halyl Kulyýewde döredijilige uly höwes oýanýar. Halyl Kulyýew çeper sözüň tebigatyna düşünmäge çalşyp, Nyzamynyň, Jamynyň, Nowaýynyň, edebi mirasyny, Nikolaý Çernyşewskiniň we Nikolaý Dobrolýubowyň işlerini çuňňur öwrenipdir.
Professor G. Geldiýew şahyr Halyl Kulyýew barada ýatlamasynda: "Ol geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynyň edebiýatyny altyna gaplan zergärleriň biri bolup, “Halyl Kulyyewiň şygryýeti...” diýlen düşünjäni ýadygärlik galdyran şahyr. Onuň şygryýeti baharyň bütin barlygyny özine siňdirip, şahyrana bahary kemala getiren döredijilikdir: şypalydyr, şirindir, ymsyndyryjydyr... Biz muny diňe bahar hakyndaky goşgulary däl-de, eýsem, şahyryň bahar tebigatyna dahyly bolmadyk şygyrlaryny, tutuş şahyrlyk labzyny nazara alyp aýdýarys.” diýip belläp geçipdir. Şahyr okyjylaryň döredijiliginden “Uniwersitet ýyllary”, ‘Bahar buşlukçysy”, “Seniň aýdymyň”, “Hemişelik galaly”, “Ykbal”, “Gündogar bulwary” ýaly ýene ajaýyp goşgulary has hem halkymyzyň söýgüsini gazandy. Kitaphana hünärmenleri geçirilen çäräniň dowamynda başgada şahyryň döredijiligine degişli gyzykly maglumatlary talyp ýaşlaryň dykgatyna ýetirdiler.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.
Maral NURYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri.