Skip to main content

Ylmy-usuly maslahat geçirildi

20.11.2026
3

     “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiz täze belentliklere göterilýär, aýdym-saz sungatymyzyň dünýä ýaýylmagyna uly goşant goşan halypalaryň hatyrasy belent tutulýar. 
     Bu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Türkmen sazy” kafedrasynyň taýýarlamagynda “Türkmen saz gurallaryny okatmagyň usulyýeti” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu maslahata ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýörite sazçylyk mekdepleriniň wekilleri, şeýle-de  “Türkmen sazy” kafedrasynyň halypalary we mugallymlary öz taýýarlan temalary bilen çykyş etdiler. Ylmy-usuly maslahat “Türkmen sazy” kafedrasynyň müdiri Gunça Muhammetberdiýewanyň çykyşy bilen başlandy. Maslahatda ussatlyk sapagy bilen gargy tüýdükde janly ýerine ýetiren Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýewiň “Türkmen saz sungatynda gargy tüýdük” atly temada çykyşy we kompozitor Çary Nurymowyň “Gitme sen” aýdymynyň gargy tüýdükde çalynýan nusgasy boldy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunowyň nota geçirmeginde “Ablak Saýat” türkmen halk sazyny “Kompozisiýa” kafedrasynyň uly mugallymy Meret Annamyradowyň kamera orkestri üçin täzeden işlemeginde ajaýyp eser döredildi. Bu sazy Çarymyrat Ahunow tarapynda ylmy-usuly maslahata gatnaşyjylara diňlendirildi. 
     Sungat ynsanlarynyň öz ýürek owazlaryny ylhamyň dilinde beýan    etmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Jahangül BEKJANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Türkmen sazy” hünäriniň I ýyl talyby.