Esasy mazmuna geç
Halklary dostlaşdyrýan sungat
Halklary dostlaşdyrýan sungat
Halklary dostlaşdyrýan sungat
Halklary dostlaşdyrýan sungat
Halklary dostlaşdyrýan sungat
Halklary dostlaşdyrýan sungat

Halklary dostlaşdyrýan sungat

20.11.2026
17
Halkara çäreler

     Düýn Ýewropanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşýan italýan jaz aýdymçysy Simona De Rosa we sazanda Çiesielski Mikhal Marek Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapagyny geçdiler. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, sagdyn, dörediji we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
     Milli Liderimiz özüniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Dostluk, goňşuçylyk däp-dessurlary eziz Diýarymyzda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda aýdyň ähmiýete eýedir. Watanymyz dostlugyň, doganlygyň gülleýän bagtyýar mekanydyr. Biz bu mekana gonak bolup gelene ýagşy arzuwlarymyzy ýetirýäris. Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň mährinden, sahawatyndan bina bolan dost-doganlyk köprüsi barha berkeýär» diýip belleýär. Şuňa laýyklykda, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde medeni diplomatiýany ösdürmek, goňşy halklaryň aýdym-saz sungatyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
     Ussatlyk sapagynyň başynda myhmanlar Maýa Kulyýewanyň muzeýine aýlanyp gördüler we milli saz gurallarymyz, bagşyçylyk sungatymyz bilen içgin gyzyklandylar. Italýan aýdymçysy Simona De Rosa ussatlyk sapagyny jaz sungatynyň taryhy, şu sungatda yz galdyran ägirtler hakyndaky gyzykly gürrüňler bilen başlady. Soňra konserwatoriýada bilim alýan Estrada sungaty hünäriniň talyplary Weliahmedowa Anna, Sabirjanowa Aziza, Hudaýbergenowa Munisa dagylar jaz stilinde birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler we myhmanlar şeýle zehinli talyplaryň konserwatoriýada okaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Geljekde-de jaz sungatynyň ösmegine goşant goşjakdyklaryna ynam bildirip, myhmanlar talyp ýaşlara üstünlik arzuw etdiler.
Ussatlyk sapagyna gatnaşanlar medeni we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine, türkmen aýdym-saz sungatynyň dünýä ýaýylmagyna ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


Gülzada BAZAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň mugallymy.