Esasy mazmuna geç
ÝUNESKO we Türkmenistanyň saz mirasy
ÝUNESKO we Türkmenistanyň saz mirasy

ÝUNESKO we Türkmenistanyň saz mirasy

21.11.2026
15

     Her bir günleri taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylýan şöhratly-şanly gül-gülzarly, her güni aýdym-sazly, erkana, görkana ýurdumyzda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at myradyň mekany”  ýylynda  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň guramagynda “ÝUNESKO we Türkmenistanyň saz mirasy” atly maslahaty geçirildi. Bu  maslahata  ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Ýagşyýewa Aýgül, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzalary Hojaýewa Mahri, Kadyrowa Maral, Gylyjowa Arzygül gatnaşdylar. Geçirilen maslahatda zenanlarymyz ýakyndan söhbetdeş bolup, ÝUNESKO-nyň ykrar edilen gününden bäri gazanylan üstünlikler dogrusynda gyzykly söhbetler etdiler. Şeýle-de her bir türkmen zenanlarynyň alyp barýan işleri, ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa barada giňişleýin  bellenildi. Bu täsirli duşuşyklar gelin-gyzlarymyzyň alyp barýan işlerini ilerletmäge has-da uly itergi berdi. Maslahatyň dowamy aýdym-sazly şowhunly dabaralara beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlar hakyndaky edýän taýsyz tagallalaryna jogap edip,  öz zähmet ornumyzda wepaly, halal işläp ösüp gelýän ýaş nesillere, ene-mamalarymyzdan miras galan milli ýörelgeleri, däp-dessurlary, maşgala mukaddesligini, ýaşlary belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, arassa ahlaklylyk, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek biz zenanlaryň mukaddes borjudyr diýip bellediler. Zenanlar hakyndaky taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


Aýsenem BAÝRAMOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň
“Türkmen sazy’ hünäriniň  I ýyl talyby.