Skip to main content
Talyplaryň klas konserti geçirildi

Talyplaryň klas konserti geçirildi

13.11.2026
19
Concerts

     Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Noýabr aýynyň 9-dan 14-i aralygynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dowam edýän “Kamera ansambly” kafedrasynyň hepdeligini hem şeýle şanly wakalaryň hataryna goşmak bolar. Hepdäniň üçünji güni bu uly dabaranyň çäginde konserwatoriýanyň “Kamera ansambly” kafedrasynyň uly mugallymy, Halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowanyň talyplarynyň klas konserti geçirildi. Konsertiň maksatnamasy baý we dürli-dürli bolup, ol milli äheňler bilen dünýä nusgawy eserlerini özünde jemledi.
     Konsertiň açylşynda dünýä meşhur kompozitor W.Mosartyň “№12 Sonatasynyň” II bölümini, IV ýyl talyplar O.Rahmanowa we S.Şaberdiýewa bilelikde ýerine ýetirdiler. Konsertiň dowamynda P.Çaýkowskiniň “Iolanta” operasyndan Iolantanyň ariozasyny, N.Rimskiý-Korsakowyň “Пленившись розой  соловей”, N.Halmämmedowyň “Ноги дождя” eserleri Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanyp, oňa fortepiano hünäriniň III talyby A.Babaýewa erjellik bilen sazandarlyk etdi. Bu ajaýyp ýaňlanan aýdymlar konserte gatnaşýanlara ajaýyp ruhy lezzet paýlady. 
     Soňra fortepiano bilen skripkanyň sazlaşykly owazlanmagyna orun berildi. Bu ýerde W.L.Bethoweniň №2 A-dur Sonata eserini II ýyl talyplar G.Annaberdiýew bilen G.Hajyýewa çykyş etdiler. G. Annaberdiýewiň fortepiano ökdelik bilen erk etmeginde G. Hajyýewa skripkanyň özboluşly mümkinçiliklerini görkezmekligi başardy. Konsertiň jemleýji bölegini wokal aýdymlary eýeledi. Zehinli aýdymçy G.Nuryýewanyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren P.Çaýkowskiniň “Забыт так скоро”, N.Halmämmedowyň “Утренний холод”, M.Musorgskiniň “Сорочинская ярмарка” operasyndan “Думка Параси” aýdymlaryna S. Salyhowa sazandarlyk etdi. 
     Konsert çykyşlary tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
     Konserde gatnaşyjylar şeýle çäreleriň ýaş talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedigini nygtap, Türkmen sungatyny dünýä derejesinde ösdürmekde döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Bize baky bagtyýarlygy, eşretli zamanany, parahat durmuşy peşgeş beren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

                                                            
Rahatberdi SAPAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk”
hünäriniň II ýyl talyby.