Esasy mazmuna geç
Millilikdedir zenanyň görki
Millilikdedir zenanyň görki
Millilikdedir zenanyň görki
Millilikdedir zenanyň görki
Millilikdedir zenanyň görki

Millilikdedir zenanyň görki

18.11.2026
45
Bilim

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ene-mamalarymyzdan miras galan milliligimizi, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş ýörelgelerini we edep-terbiýäni ýaş nesillerimize wagyz etmek biz zenanlaryň paýyna düşýär. Bilşimiz ýaly biziň parahat asuda ýurdumyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda, türkmen zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Gadymdan gelýän ene-mamalarymyzdan bize miras galan asylly däpleri, şol sanda milliligimizi geljege tug edip göterjek biziň  ýaşlarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň, zenanlarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, biz bu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda “Millilikdedir zenanyň görki” atly dabaraly aýdym-sazly üme çäresini geçirdik. Bu dabaraly çärämiziň esasy many-mazmuny, ylym-bilim alýan, talyp gelin-gyzlary belent watansöýüjilik ruhunda, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ruhunda terbiýelemek, gyz-gelinlerimiziň el işlerini açyk aýdyň görkezmek bilen bagly boldy.   
     Dabaraly çärämiziň  dowamynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy ene Oraztäç Nuryýewa, uly mugallymlar  Ýagşyýewa Aýgül, Çaňlyýewa  Dürjemal, Kadyrowa  Maral çykyş edip, bilim ojagynda alnyp barylýan işler dogrusynda, gelin-gyzlarymyza goýulýan sarpa, ene-mamalarymyzdan bize miras galan asylly milli däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri, milli sungatymyza goýulýan hormatyň belent derejededigini belläp, manyly, täsirli gürrüňleri talyp ýaşlara ýetirdiler. Talyp gelin-gyzlarymyzyň ýerine ýetirmeklerinde “Aý joram”, “Karkaranyň aýdymy”, “Saýra dutar” “Unutma” ýaly aýdymlar ýerine ýetirildi. 
     Aýdym-saz bilen utgaşykly geçen dabaraly çäre talyp ýaşlaryň aňynda täsirli duýgulary oýardy. Bu dabaranyň ahyrynda Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşly sözler bilen jemlendi. Goý Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Ähli il- ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

Aýgül ÝAGŞYÝEWA, 
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, 
Türkmenistanyň at gazanan artisti