Esasy mazmuna geç

“Kamera ansambly” kafedrasynyň hepdeligi dowam edýär

11.11.2026
29
Bilim

     “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dürli derejeli konsertleriň, döredijilik duşuşyklarynyň, ylmy-amaly maslahatlaryň onlarçasy geçirildi. Ýokary okuw mekdebimizde her okuw ýylynda kafedralaryň hepdeliklerdäki yzygiderli gurnalýan çäreler hem talyp ýaşlaryň döredijilik we ýerine ýetirijilik başarnyklaryny açyp görkezmäge oňyn täsir edýär. Ýaňy ýakynda hem “Kamera ansambly” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Kamera ansambly we sazandarlyk ussatlygy derslerini okatmagyň usulyýeti: esasy ugurlary we ýörelgeleri” atly ylmy-usuly maslahaty geçirildi. Usuly maslahata konserwatoriýanyň halypalary, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň,  Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň şeýle-de Lebap we Balkan welaýatlarynyň ýörite sungat mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlar  gatnaşdylar. Ylmy-usuly maslahatyň başynda kafedra müdiri, uly mugallym Maral Agaýewa “Kamera ansamblyny öwretmegiň usullary, maksatlary we wezipeleri” atly tema bilen çykyş etdi.  Maslahat  “Kamera ansambly” kafedrasynyň mugallymy Selbi Hudaýberenowanyň “Sazandarlyk ussatlygy dersiniň maksatnamalary we wezipeleri” hem-de Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy Olga Dinçiň “Orta bilim edaralarynda kamera ansambly dersini okatmagyň usullary” atly çykyşlary bilen dowam etdi. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bölüm müdiri Lälezar Turjanowanyň “Dinamik eşidiş we sahna duýgurlygy: ses deňagramlylygyny dolandyrmak arkaly adatdan daşary ýagdaýlarda solisti goldamak” atly temadaky çykyşy hem maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň kamera topary bölüminiň mugallymy Leýla Annagulyýewanyň “Ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebinde kamera ansambly synpynda işlemegiň käbir aýratynlyklary” diýen temadaky çykyşy mekdep ýaşyndaky ýaş zehinleri okatmagyň usullary bilen bagly meselelere bagyşlandy. Ylmy-usuly maslahatyň dowamynda talyplar bilen ýekebara sapaklarda geçilýän amaly we tejribe okuwlarynyň esasynda özleşdirilen saz eserleriniň diňlenilişine hem uly orun berildi.
     Tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplar “Kamera ansambly” we “Sazandarlyk ussatlygy” derslerini özleşdirmek bilen milli sazlarymyzy we daşary ýurt saz sungatynyň iň gowy nusgalaryny ýerine ýetirmek başarnyklaryny ele alýarlar. Okuw sapaklarynyň dowamynda talyplarda döredijilikli işlemek, ansambl bolup ýerine ýetirmek endikleri terbiýelenýär. 
     Alty günläp dowam etjek hepdeligiň dowamynda “Kamera ansambly” kafedrasynyň baýry mugallymlary S. Faramazowanyň, S. Kasparowanyň, S. Kimiň hem-de M. Meredowanyň ýolbaşçylygynda gurnaljak konsertler hem özboluşly many-mazmuna eýe bolar.  Mundan başga-da  hepdeligiň dowamynda halypa mugallymlaryň birnäçesiniň açyk sapaklary meýilleşdirilýär. Şeýle-de “Kamera ansambly” kafedrasynyň uly mugallymy S. Faramazowanyň ýolbaşçylygynda D. Şostakowiçiň doglan güniniň 120 ýyllygy mynasybetli gurnaljak konsertde hem beýik kompozitoryň dürli žanrdaky döreden meşhur eserleri ýaňlanar.

Aýnur OTUZOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Fortepiano” hünäriniň II ýyl talyby.