Перейти к основному содержанию

Türkmen halk aýdymlary ýokary derejede ýaňlandy

05.11.2026
6
Концерты

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen milli medeniýeti we sungaty bütindünýä giňişliginde täze ösüş ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, milli mirasymyzy düýpli öwrenmek we ony dünýä halklarynyň medeni gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrmak ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. 
     Şeýle işlerden ugur alyp Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýän ýaş mugallymlaryň hünär tejribelerini artdyrmak maksady bilen birnäçe ýyl bäri "Zehin joşguny" atly festiwal geçirilýär. 
     Festiwalyň meýilnamasyna laýyklykda ýerine ýetirijilik ugurlaryndan bilim berýän ýaş aýdymçy, sazanda mugallymlar ýekelikdäki konsert çykyşlaryny görkezýärler. Şeýle çykyşlar olaryň ýerine ýetirijiliginiň has-da kämillik derejelere ýetmeginde özüniň oňyn netijesini berýär. 
     2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda "Bagşyçylyk sungaty" kafedrasynyň mugallymy Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden "Türkmeniň Altyn-asyry" atly bäsleşiginiň ýeňijisi Meýlis Goçmyradowyň ýekelikdäki konserti hem "Zehin joşguny" atly festiwalyň çäginde geçirildi. 
     Bagşy mugallym ýyllaryň dowamynda halypalaryndan öwrenen ajaýyp türkmen halk aýdymlary bilen birlikde mukamçyky kompozitorlaryň döreden eserlerini hem ýokary derejede ýerine ýetirdi. 
   Ýerine ýetirilen çykyşlardan "Biläni", "Gözliniň", "Ýow bagşy", "Ýandy bagrym", "Meşrep" ýaly türkmen halk aýdymlary belent perdelerde ýaňlanyp diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. Bagşy mugallyma ussat sazandalar Gurbanmyrat Baýjykow gyjakda we Işanmuhammet Gündogdyýew sazandarlyk etdiler. 
     Tomaşa etmäge gelen myhmanlar we mugallymyň ýaş talyplary bagşy Meýlis Goçmyradowa mundan beýläk hem döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdiler. 
     Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň sungat äleminde öňe gitmekleri üçin döwlet derejesinde döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

 

Öwezmyrat JANMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
"Sazşynaslyk" hünäriniň V ýyl talyby.