Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynda türkmen saz sungatynyň görnükli wekili, ussat bagşy, Türkmenistanyň halk artisti Ýagmyr Nurgeldiýewiň doglan güniniň 95 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama konserti ýokary derejede geçirildi. “Ussadyň ussat şägirdi” ady bilen geçirilen bu dabaraly konsert halypa-şägirtlik ýolunyň asylly dowam etdirýändigi, milli mirasymyzyň we sungatymyzyň ýaş nesiller tarapyndan mynasyp öwrenilýändigini ýene bir gezek aýdyň subut etdi.
Konsertde çykyş edenler halypanyň miras galdyran sazlarynyň aýratynlygy barada, döredijiliginiň täsinligi hakynda, häzirki wagtda ýaş sazandalaryň halypanyň ýerine ýetriş aýratynlygyny onuň ýazgylarynyň esasynda öwrenýändiklerini bellediler. Halypa sazandanyň birnäçe ýyllaryň dowamynda ussat bagşylaryň ýanynda sazandarlyk edendigini, onuň bu ugurda ussatlyk derejesine ýetendigini hem bellediler. Türkmen saz kafedrasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň halk artisti Muhammetmyrat Muhammetnyýazow, "Bagşyçylyk sungaty" kafedrasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa, "Türkmen sazy" kafedrasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunow, kafedranyň müdiri Gunça Muhammetberdiýewa halypanyň döredijiligine degişli gyzykly maglumatlary berdiler.
Çykyşlaryň dowamy halypanyň döreden “Ýakmasana gyz”, “Bu jennetdir” “Arzuwym”, “Aý dogan çagy” ýaly şirin eserlerine utgaşyp gitdi. Konsertiň dowamyndaky çykyşlardan Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýewiň, saz etnografiki laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri Atageldi Mämmetgulyýewiň çykyşlary diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Konsertiň ahyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ansambly tarapyndan ýerine ýetirilen “Owazym” atly halypanyň meşhur sazy dabaraly konserti jemledi.
Dabaraly geçen konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar halypalary ýatlamaga, olaryň döredijiligini öwrenmäge döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Dinara DAWLETOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sazşynaslyk" hünäriniň III ýyl talyby.