Skip to main content

Dünýä klassikasynyň ajaýyp owazlary: ussat mugallymyň talyplarynyň şowhunly konserti

05.11.2026
7
Concerts

     “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen medeniýetimize we sungatymyza ýokary derejede üns berilýär.
     Ýaşlaryň öz hünärlerinden ýokary derejelerde bilim almaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýakynda 2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň talyplarynyň konserti ýaş sazandalary ýetişdirmekde halypalaryň çekýän zähmetiniň halypa-şägirtlik ýoly bilen dowam etdirilýändigini görkezdi. Bu konsert diňe bir dünýä klassikasynyň iň çylşyrymly eserleriniň ýaňlanan ýeri bolman, eýsem halypalyk mekdebiniň uly netijeler berýändigini subut edýän dabaraly pursada öwrüldi. 
     Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen eserler barada diňleýjilere gyzykly maglumatlaryň berilmegi onuň täsirliligini artdyrdy. Ýerine ýetirilen çykyşlardan fortepiano hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýsona Babaýewanyň rus kompozitory Aleksandr Skrýabiniň I, II we VI prelýudiýalar, 2-nji ýyl talyp Aýnur Otuzowanyň S. Rahmaninowyň döredijiliginden 1-nji konsertiniň II we III bölümleri, 5-nji ýyl talyp Abadan Meredowanyň Rahmaninowyň 2-nji konsertiniň I bölümi ýaly çykyşlary has-da ýatda galyjy çykyşlara öwrildi. 
     Mundan başga-da konsertde fortepiano hünäriniň 1-nji ýyl talyby Mukam Serdarow Sergeý Prokofýewiň “Pursatlar” atly özboluşly eserini hem-de 2-nji ýyl talyp Batyr Joraýew Friderik Şopeniň iň çylşyrymly hasaplanýan 1-nji etýudyny ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Ýaş sazandalaryň her bir çykyşy diňe bir tehniki taýdan kämil bolman, eýsem her bir eseriň içki syryny we duýgusyny açyp görkezdi. Agşamyň ahyrynda bolsa Ýozef Gaýdynyň kwartet üçin D dur simfoniýasy ýaňlanyp, konsertiň ajaýyp jemlemesine öwrüldi.
     Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy belentliklere alyp barýan  Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


Selbi SALYHOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Fortepiano” hünäriniň III ýyl talyby.