Esasy mazmuna geç
Zehinleri we sungaty birleşdirýän konsert
Zehinleri we sungaty birleşdirýän konsert
Zehinleri we sungaty birleşdirýän konsert

Zehinleri we sungaty birleşdirýän konsert

02.11.2026
4
Konsertler

     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda indi birnäçe wagt bäri däbe öwrülen “Zehin joşguny” atly saz festiwaly şu ýyl hem uly guramaçylyk we şowhun bilen dowam edýär. Ýaş mugallymlaryň ýerine ýetirijiligini kämilleşdirmek, milli sazçylyk mekdebiniň dowamatlylygyny gorap saklamak maksady bilen geçirilýän bu festiwal sungat muşdaklaryna ýatda galyjy pursatlary bagyşlaýar. 
     Festiwalyň meýilnamalaýyn alynyp barylýan işleriniñ çäginde, "Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary" kafedrasynyň mugallymlary Babaguly Goşaýew we Baýram Doliýewiň gatnaşmagynda guralan konserti diňleýjilerde aýratyn täsir galdyrdy. Bu konsert, dünýä nusgawy saz sungatynyň iň naýbaşy eserlerini özünde jemledi. 
     Konsertiň birinji bölüminde zehinli sazanda Baýram Doliýew ýerine ýetirijilik başarnygyny görkezip, dünýä belli kompozitorlaryň eserlerini täzeçe öwüşgin bilen ýerine ýetirdi. Ýaňlanan eserlerden E. Gableriñ "Klarnet we orkestr üçin konsertiniñ birinji bölümi, K. M. von Weberiñ "Rondo" eseri diňleýjilere uly tasirini ýetirdi.
     Konsertiñ ikinji bölüminde bolsa ussat sazanda mugallym Babaguly Goşaýew A.Gedikeniñ "Konsert etýudy" (turba saz guraly üçin) we D.Şostakowiçiñ "Romans" esrin ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Ýerine ýetirilen her bir eseri diňleýjileri sazyñ çuňňur dünýäsine syýahata alyp gitdi.
"Zehin joşguny" festiwaly ýokary okuw mekdebiniň çäginde diňe bir talyplaryny däl, eýsem ýaş mugallymlar düzüminiň hem döredijilik we professional taýdan yzygiderli ösüşine uly ýardam berýär. 
     Şowly geçen konsertiň ahyrynda onda çykyş eden mugallymlar dabaraly konsertleri geçirmäge, milli sungatymyzy ösdürmäge, ýaş sazandalaryñ ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge uly ýardam berýän milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Aýjahan ABALAKOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sazşynaslyk" hünäriniň IV ýyl talyby/