Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaş mugallymlaryň hem-de zehinli sazandalaryň çykyşlaryny jemleýän “Zehin joşguny” konserti uly üstünlikler bilen dowam edýär. Bu gezekki saz agşamy özüniň baý maksatnamasy, eserleriň köpdürliligi we ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen diňleýjileriň kalbynda täsirli pursatlary döretdi.
Konsertde konserwatoriýanyň ýaş zehinli mugallymlary – Kakajan Hudaýberdiýew (saksafon), Aýgül Rejepowa (Skripka), Şirhan Batyrow (saksafon) çykyş edip, öz saz gurallarynyň utgaşmasynda täsin saz gurşawyny emele getirdiler.
Konsertiň maksatnamasy dünýä klassikasynyň meşhur eserlerinden başlap, halk sazlaryna hem-de estrada žanrlaryna çenli örän giň ylham meýdanyny öz içine aldy. Sahnada K. M. Weberiň “Uly konsert dueti”, Ž. Žanyň “Wenesiýa karnawaly”, T. Albinoninyň dünýä belli “Adažiosy” ýaly çuňňur manyly eserler ýokary ussatlyk blen ýerine ýetirildi.
Şeýle hem M. Glinkanyň “Žaworonok” sazy we P.I. Çaýkowskiniň “Rus tansy skripkanyň hem-de saksafonyň owazynda täzeçe öwüşgin aldy.
Türkmen halk saz medeniýetiniň naýbaşy nusgalaryndan bolan “Begler” sazynyň ussat kompozitor Suhan Tüýliýew tarapyndan täzeden işlenen nusgasy diňleýjiler tarapyndan aýratyn gyzgyn garşylandy. Mundan başga-da, sazandalar azerbaýjan halk sazy “Sary gelin”, A. Tagiýewiň “Sen gelmez olduň”, F. Amirowyň “Mugam poemasy” arkaly gündogar sazlarynyň näzikligini ýetirdiler. Ýurdumyzyň zehinli kompozitory J. Gurbangylyjowanyň “Ýagyşly gün” eseri bolsa özüniň lirik öwüşginleri bilen konserte aýratyn gözellik goşdy.
Klassiki eserler bilen bir hatarda konsertde XX asyryň meşhur estrada, jaz we kino sazlaryna hem giň orun berildi. I. Berliniň “Puttin on the ritz”, L. Primanyň “Sing Sing” ýaly gyzykly jaz eserleri, S Grappelliniň “minor swing” kompozisiýasy zaldaky diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
“Zehin joşguny” konserti diňe bir saz gurallaryň däl, eýsem dürli döwürleriň we medeniýetiň özara utgaşmasyna öwrüldi. Saksafonyň hem-de skripkanyň özara söhbeti diňleýjilere ruhy lezzet paýlap, ýaş mugallymlaryň we sazandalaryň ýokary hünär ussatlygyny ýene bir gezek subut etdi.
Ajaýyp konserte gatnaşyjylar şeýle çykyşlaryň yzygiderli geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Selbi SALYHOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Fortepiano” hünäriniň III ýyl talyby.