Esasy mazmuna geç

KITAP ÄLEMINE SYÝAHAT — SUNGATDAN BILIME, BILIMDEN KÄMILLIGE TARAP

04.11.2026
14
Bilim

     Kitap — bilimiň çeşmesi, ruhy baýlygyň hazynasy, ynsan kämilligine uzaýan ýoluň ygtybarly hemrasydyr. Sungat bilen kitabyň sazlaşygy bolsa ýaş nesliň döredijilik dünýäsini baýlaşdyrmakda, olaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. 
     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň  başlygy Gahryman  Arkadagymyzyň  “Watançylyk taglymaty”  atly kitabynda :”Türkmençilikde perzendiň  kitaba  bolan söýgüsi maşgaladan başlanýar. Ýaşlar şöhratly  taryhymyzy, baý edebi mirasymyzy  beýan edýän eserleri okamagy  endik edinmelidir. Dana pederlerimiz: ”Bilim  bilen hikmet-altyndan gymmat”, “Okadym diýme-bildim diý”, “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer” diýipdirler”  diýip belleýär. Hakykatdan-da  kitap ynsanyň  dünýägaraýyşyny giňeldýän, pikirlenişini  ösdürýän, ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan egsilmez hazynadyr. Kitap arkaly  ýaş  nesil halkymyzyň  şöhratly taryhyny,  baý  medeni mirasyny, sungatymyzyň gözbaşlaryny has içgin öwrenýär. Şonuň  üçin hem ýaşlarda kitaba  bolan söýgini döretmek, olaryň okamak  medeniýetini ösdürmek we  milli  gymmatlyklarymyza  hormat goýmak duýgusyny terbiýelemek möhüm ähmiýete eýedir.  Şu maksat  bilen ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda konserwatoriýanyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet  merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölümleri  bilen tanyş  boldylar  we “Kitap älemine syýahat” ady bilen söhbetdeşlik  geçirildi. Çäräniň esasy  maksady talyp ýaşlaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak, olary milli we dünýä medeni mirasyny öwrenmäge höweslendirmek, şeýle-de kitap bilen sungatyň arasyndaky aýrylmaz  baglanyşygy açyp görkezmekden ybarat boldy. Bu çärä gatnaşan talyp ýaşlar  esasan hem Döwlet kitaphanasynyň Sungat  bölüminiň işi  bilen  aýratyn  gyzyklandylar. Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň   hazynasy  sungata degişli  kitaplardan, döwürleýin  neşirlerden, notalardan, audiowizual neşirlerden ybaratdyr. Şeýle hem  bu bölümde türkmen kompozitorlarynyň  we daşary  ýurt kompozitorlarynyň  nota eserleriniň baý hazynasy  bar. Çäräniň dowamynda talyplar Döwlet kitaphanasynyň sungat bölüminiň işi, onuň okyjylara hyzmat ediş aýratynlyklary, sungat ugurly neşirleriň we maglumat çeşmeleriniň ähmiýeti barada giňişleýin düşünje aldylar. Kitaphanaçylaryň gündelik alyp barýan işleri, okyjylara zerur edebiýatlary tapmaga ýardam berişleri hem-de sungat boýunça maglumatlary toplamakda we peýdalanmakda kitaphananyň tutýan orny ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem talyp ýaşlar häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi bilen baglylykda elektron kitaphanalaryň ähmiýeti, sanly maglumat çeşmelerinden peýdalanmagyň mümkinçilikleri barada düşünje aldylar. Bu bolsa olaryň özbaşdak bilim almak, ylmy gözlegleri geçirmek we geljekki hünärlerine degişli maglumatlary netijeli peýdalanmak baradaky garaýyşlaryny giňeltmäge ýardam berdi.
     Saz sungatynyň geljekki wekilleri üçin kitap we nota ýygyndylary diňe bir okuw serişdesi bolman, eýsem, döredijilik ylhamynyň hem çeşmesidir. Kompozitorlaryň ömrüni we döredijilik ýoluny öwrenmek, milli hem-de dünýä saz sungatynyň taryhy bilen tanyşmak, dürli çeşmelerden maglumat toplamak ýaş sazandalaryň hünär taýdan kämilleşmeginde möhüm orny eýeleýär. 
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi, medeniýeti we sungaty ösdürmäge, ýaş nesliň zehinini we döredijilik ukyplaryny açmaga uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli medeni mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we dünýä ýaýmak, ýaşlary bilimli, giň dünýägaraýyşly edip terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan işler şeýle çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrýar.
     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar “Watan  diňe  halky bilen Watandyr!”, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir! diýip türkmen halkynyň şu güni we geljegi üçin  beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar. 

Maral  NURYÝEWA
Maýa  Kulyýewa  adyndaky
Türkmen milli  konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri