Kitap — bilimiň çeşmesi, ruhy baýlygyň hazynasy, ynsan kämilligine uzaýan ýoluň ygtybarly hemrasydyr. Sungat bilen kitabyň sazlaşygy bolsa ýaş nesliň döredijilik dünýäsini baýlaşdyrmakda, olaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly kitabynda :”Türkmençilikde perzendiň kitaba bolan söýgüsi maşgaladan başlanýar. Ýaşlar şöhratly taryhymyzy, baý edebi mirasymyzy beýan edýän eserleri okamagy endik edinmelidir. Dana pederlerimiz: ”Bilim bilen hikmet-altyndan gymmat”, “Okadym diýme-bildim diý”, “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer” diýipdirler” diýip belleýär. Hakykatdan-da kitap ynsanyň dünýägaraýyşyny giňeldýän, pikirlenişini ösdürýän, ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan egsilmez hazynadyr. Kitap arkaly ýaş nesil halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, sungatymyzyň gözbaşlaryny has içgin öwrenýär. Şonuň üçin hem ýaşlarda kitaba bolan söýgini döretmek, olaryň okamak medeniýetini ösdürmek we milli gymmatlyklarymyza hormat goýmak duýgusyny terbiýelemek möhüm ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda konserwatoriýanyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyş boldylar we “Kitap älemine syýahat” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çäräniň esasy maksady talyp ýaşlaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak, olary milli we dünýä medeni mirasyny öwrenmäge höweslendirmek, şeýle-de kitap bilen sungatyň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy açyp görkezmekden ybarat boldy. Bu çärä gatnaşan talyp ýaşlar esasan hem Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň işi bilen aýratyn gyzyklandylar. Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň hazynasy sungata degişli kitaplardan, döwürleýin neşirlerden, notalardan, audiowizual neşirlerden ybaratdyr. Şeýle hem bu bölümde türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň nota eserleriniň baý hazynasy bar. Çäräniň dowamynda talyplar Döwlet kitaphanasynyň sungat bölüminiň işi, onuň okyjylara hyzmat ediş aýratynlyklary, sungat ugurly neşirleriň we maglumat çeşmeleriniň ähmiýeti barada giňişleýin düşünje aldylar. Kitaphanaçylaryň gündelik alyp barýan işleri, okyjylara zerur edebiýatlary tapmaga ýardam berişleri hem-de sungat boýunça maglumatlary toplamakda we peýdalanmakda kitaphananyň tutýan orny ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem talyp ýaşlar häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi bilen baglylykda elektron kitaphanalaryň ähmiýeti, sanly maglumat çeşmelerinden peýdalanmagyň mümkinçilikleri barada düşünje aldylar. Bu bolsa olaryň özbaşdak bilim almak, ylmy gözlegleri geçirmek we geljekki hünärlerine degişli maglumatlary netijeli peýdalanmak baradaky garaýyşlaryny giňeltmäge ýardam berdi.
Saz sungatynyň geljekki wekilleri üçin kitap we nota ýygyndylary diňe bir okuw serişdesi bolman, eýsem, döredijilik ylhamynyň hem çeşmesidir. Kompozitorlaryň ömrüni we döredijilik ýoluny öwrenmek, milli hem-de dünýä saz sungatynyň taryhy bilen tanyşmak, dürli çeşmelerden maglumat toplamak ýaş sazandalaryň hünär taýdan kämilleşmeginde möhüm orny eýeleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi, medeniýeti we sungaty ösdürmäge, ýaş nesliň zehinini we döredijilik ukyplaryny açmaga uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli medeni mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we dünýä ýaýmak, ýaşlary bilimli, giň dünýägaraýyşly edip terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan işler şeýle çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar “Watan diňe halky bilen Watandyr!”, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir! diýip türkmen halkynyň şu güni we geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.
Maral NURYÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri