Esasy mazmuna geç
Türkmen dutarçysynyň Gazagystandaky üstünligi
Türkmen dutarçysynyň Gazagystandaky üstünligi
Türkmen dutarçysynyň Gazagystandaky üstünligi
Türkmen dutarçysynyň Gazagystandaky üstünligi

Türkmen dutarçysynyň Gazagystandaky üstünligi

03.11.2026
19
Halkara çäreler

     Sungatyň mekany bolan eziz Diýarymyzda bagşy ylhamy bilen dutar mukamy birleşip, ata-babalarymyzdan galan mukaddes mirasymyzy nesillere ýetirýär. Garaşsyz Watanymyzda bagşy-sazandalarymyzyň belent owazy Watana bolan egsilmez söýgüni, agzybirligi we parahatlygy wasp edýär. Türkmen mukamlary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä halklarynyň sahnalarynda hem belentden ýaňlanýar.
     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Myrat Aşyrow Gazagystanyň Atyrau şäherinde şu ýylyň 29-30-njy oktýabrynda geçirilen VII halkara “Altyn dombyra” bäsleşiginde III orny eýeledi. Gazagystanyň halk artisti Azidolla Eskaliýew adyndaky “Altyn dombyra” halkara bäsleşigine Türkmenistandan, Gazagystandan, Russiýadan, Belarusiýadan we Özbegistandan ussat sazandalar gatnaşyp öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Iki tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar gazak nusgawy sazlaryny, Azidolla Eskaliýewiň eserlerini şeýle-de öz ýurtlarynyň milli sazlaryny ýerine ýetirdiler. 
     Bäsleşigiň netijelerine görä, konserwatoriýamyzyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Myrat Aşyrow daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda baýrakly orna mynasyp bolan ýeketäk sazandadyr.  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby, dutarçy Kerim Nyýazow hem bu bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi we Diploma mynasyp boldy. Halkara bäsleşigindäki gazanylan bu üstünlik türkmen milli saz gurallarynyň, aýdym-saz sungatynyň halkara derejesinde dabaralanmagyna, şeýle-de Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär.
     Biz – ýaşlara belent sepgitlere ýetmäge, türkmen sazyny dünýä tanatmaga, halkara bäsleşiklere gatnaşmaga şertdir mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys. Goý, milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Gülzada BAZAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
Sazyň taryhy kafedrasynyň mugallymy.