Esasy mazmuna geç
“GARAŞSYZ HEM BITARAP, TARYPY AJAP DESSAN, BEDEW BATLY — AT MYRADYŇ MEKANY TÜRKMENISTAN” atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
“GARAŞSYZ HEM BITARAP, TARYPY AJAP DESSAN, BEDEW BATLY — AT MYRADYŇ MEKANY TÜRKMENISTAN” atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

“GARAŞSYZ HEM BITARAP, TARYPY AJAP DESSAN, BEDEW BATLY — AT MYRADYŇ MEKANY TÜRKMENISTAN” atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

29.10.2026
4
Maslahatlar

     Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyz hem Bitarap, tarypy ajap dessan, bedew batly — at myradyň mekany Türkmenistan» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
     Çäräniň mazmuny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini, ýurdumyzyň ösüşlerini, halkymyzyň baý medeni mirasyny hem-de milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerine goýulýan belent sarpany giňden wagyz etmäge gönükdirildi. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyryldy. Bu şygar halkymyzyň milli gymmatlyklaryna goýýan hormatyny, taryhy däplerimiziň dowamlylygyny we Watanymyzyň ösüşlere tarap ynamly gadamyny özünde jemleýär.
     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen milli mirasymyzy gorap saklamak, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda täze ösüşlere eýe bolýar. Ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamak, atçylyk pudagyny ösdürmek, milli atşynaslyk we seýisçilik däplerini geljekki nesillere ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we milli buýsanjyna goýulýan sarpanyň aýdyň beýanydyr.
     Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana  müdiri Maral Nuryýewa çykyş edip, ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, medeniýet we sungat ulgamynda döredilýän mümkinçilikler, şeýle hem behişdi bedewlere goýulýan sarpa barada gürrüň berdi. Çykyşda bedew atlaryň türkmen halkynyň taryhynda we medeni mirasynda aýratyn orun eýeleýändigi, olaryň halkymyzyň gözellik baradaky düşünjelerini, merdanalygyny we asylly däplerini alamatlandyrýandygy bellenildi.
     Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň I derejeli kitaphanaçysy Gunça Saparowa hem çykyş edip, çäräniň mowzugy boýunça öz pikirlerini paýlaşdy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Umumy fortepiano» kafedrasynyň mugallymy Jemal Arrykowanyň çykyşy hem diňleýjilerde gyzyklanma döretdi.
     Çäräniň dowamynda konserwatoriýanyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde dutarçy bagşylaryň aýdym-sazlary ýaňlandy. Milli sazlarymyz çärä aýratyn öwüşgin çaýyp, oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Aýdym-saz çykyşlary türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, milli sungatymyzyň gözelligini we ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezdi.
Milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ýaş zehinleri goldamak, olarda watansöýüjilik duýgusyny berkitmek hem-de milli gymmatlyklarymyza hormat goýmak ýaly maksatlara hyzmat edýän şeýle çäreler möhüm ähmiýete eýedir. Kitaphana bilen ýokary okuw mekdebiniň bilelikdäki döredijilik hyzmatdaşlygy hem jemgyýetçilik-medeni durmuşyň baýlaşmagyna, ýaşlaryň ruhy dünýäsiniň kämilleşmegine ýardam berýär.
     Çäräniň ahyrynda  oňa gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Annadurdyýewa Gyzylgül
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň I derejeli kitaphanaçysy.