Esasy mazmuna geç
Dünýä halklarynyň milli saz gurallary atly okuw maslahaty geçirildi
Dünýä halklarynyň milli saz gurallary atly okuw maslahaty geçirildi
Dünýä halklarynyň milli saz gurallary atly okuw maslahaty geçirildi

Dünýä halklarynyň milli saz gurallary atly okuw maslahaty geçirildi

29.10.2026
8
Maslahatlar

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, türkmen milli medeniýeti we sungaty bütindünýä giňişliginde täze ösüş ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, milli mirasymyzy düýpli öwrenmek we ony dünýä halklarynyň medeni gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrmak ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. 
     Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikdäki Halkara maddy däl medeni miras güni mynasybetli "Dünýä halklarynyň milli saz gurallary" atly aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň başynda konserwatoriýanyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty R. Amangeldiýew çykyş edip, ilki bilen Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize ýaşlara ylym-bilim almakda we milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda döredip berýän mümkinçilikleri üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Soňra maslahatyň esasy maksadyny we häzirki zaman saz sungatynyň ylymy derejede öwrenilişini belläp geçdi. 
     Okuw maslahatyna konserwatoriýanyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlar bilen birlikde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň agzalary hem gatnaşdylar. Çykyş edenler türkmen milli medeni mirasynyň halkara derejesindäki ornuny we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde gazanylan uly üstünlikleri beýan etdiler. Çykyşlardan sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, “Halk saz gurallary” kafedrasynyň dosenti Muhammetmyrat Gapurowyň “Türkmen milli saz gurallary orkestriniň döreýşi we ösüş ýoly” atly çykyşy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowanyň “Türki dilli halklarynyň saz gurallaryny öwrenmekde gazanylan üstünlikler” atly çykyşy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy Kerwen Ýowbasarowyň “Dessan aýdylanda dutar-gyjagyň ähmiýeti” diýen çykyşy okuw maslahatyň täsirliligini has-da artdyrdy. 
     Okuw maslahatynyň dowamynda konserwatoriýanyň "Sazşynaslyk" hünäriniň talyp ýaşlarynyň dünýä halklarynyň saz gurallary hem-de olaryň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary barada taýýarlan çykyşlary olaryň öz hünärlerinde ýokary derejede bilim alyp, soňra tejribe esasynda öwrenýändikleriniň aýdyň subutnamasy boldy. Okuw maslahatynyň dowamy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýerine ýetirmegindäki ajaýyp sazly çykyşlar bilen utgaşyp gitdi. 
     Gözelligi, ylym we sungat älemini birleşdiren bu okuw maslahaty ýaşlaryň dünýä medeniýetine bolan gözýetimini giňeltmekde we milli saz sungatymyzyň ylmy esaslaryny çuňlaşdyrmakda uly ädim boldy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim, medeniýet we sungat älemine berýän bimöçber goldawlary, milli mirasymyzy dikeltmekde we ony bütin dünýä giňden tanatmakda edýän taýsyz tagallalary üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur alkyş we minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.

Guwanç HALLYÝEW
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sazşynaslyk" hünäriniň III ýyl talyby