Перейти к основному содержанию

AK WE GARA KLAWIŞLERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI: KONSERWATORIÝADA TÄZEÇE USULLARYŇ GÖZLEGI

29.10.2026
9

     Ajaýyp owazlaryň we ýokary ussatlygyň mekdebi bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda wajyp waka bolup geçdi. Bu ýokary okuw ojagynyň “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi. Aşgabat şäherinden we welaýatlardan gelen mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen bu çäre fortepiano sungatynda täze gözleglere badalga berdi.
     Maslahatyň açylyşynda kafedranyň dosenti O. S. Annamyradowa çykyş edip, bu ugruň wajyplygyna ünsi çekdi we diňleýjileri gyzykly ylmy gezelenje ugrukdyrdy.
     Kafedranyň professor-mugallymlar düzüminiň taýýarlan çykyşlary saz guralynda çalmagyň inçe tärlerini we häzirki zaman pedagogikasynyň iň täze usullaryny açyp görkezdi. Uly mugallym I. W. Koçkarýowa öz çykyşynda fortepiano ýerine ýetirijiliginiň esasy meseleleriniň biri bolan pedalyň syrlary barada gürrüň berdi. Ol sazandalyk kämilliginiň pedal bilen gös-göni baglylygyny we pedal üstünde işlemegiň aýratynlyklaryny düşündirdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti, uly mugallym W. S. Mkrtumow bolsa K. Çerniniň etýudlaryna täzeçe garaýyş hödürläp, olardaky ýerine ýetirijilik ussatlygyny ösdürmek meselelerini orta goýdy.
     Kafedra müdiri, uly mugallym M. N. Orazowanyň çykyşy aýratyn gyzykly boldy. Ol ynsanyň fiziologiki gurluşynyň erkin saz çalmak ukyby bilen baglanyşygyny seljerip, barmaklaryň klawiaturadaky hereket erkinliginiň ylmy esaslaryny görkezdi. Uly mugallym E. G. Nuryýewa bolsa poliritmiýany özleşdirmegiň çylşyrymlylygyny ýeňip geçmegiň usullaryny paýlaşyp, eşidiş şablonlarynyň we sözleýiş formulalarynyň bu ugurdaky ähmiýetini beýan etdi.
     Şeýle hem çäräniň dowamynda kafedranyň mugallymlary B. S. Muhammedowanyň we A. A. Atajanowanyň çykyşlary diňlenildi.
Bu ýygnanyşyk diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen tejribeli we zehinli hünärmenleriň hem başyny bir ýere jemledi. Olaryň hatarynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinden N. F. Pälwanowa, Daşoguz welaýatynyň M. Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinden D. Abdullaýew, Lebap welaýatynyň sungat mekdebinden D. M. Awanesowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli  konserwatoriýanyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinden Ş. H. Allabaýewa, Arkadag şäherindäki Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebinden A. Ýazpoladowa hem-de Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebinden S. Mämmedow ýaly hünärmenler bar. Maslahata çykyşlary bilen gatnaşan bu myhmanlar ýurdumyzda sazanda-ýerine ýetirijileri terbiýelemekde, sahnadaky tolgunmany ýeňip geçmekde we okuwçylaryň tehniki başarnyklaryny ösdürmekde öz tejribeleri hem-de täzeçe çemeleşmeleri bilen bölüşdiler.
     Geçirilen bu okuw-usuly çäre diňe bir hünär tejribesini alyşmak meýdançasy bolman, eýsem geljekki ussat pianistleriň kemala gelmegine, türkmen fortepiano mekdebiniň has-da kämilleşmegine goşant goşjak uly ädim boldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bolsa özüniň baý däplerini dowam etdirip, innowasion usullaryň ojagy bolup galýar.

Enejan Nuryýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Ýörite fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy