Skip to main content

“Zehin joşguny” festiwaly dowam edýär

21.10.2026
20
Concerts

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly sungatymyzyň we medeniýetimiziň bedew bady bilen öňe barýan ýyllarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş berýän eşretli zamanasynda halkymyzyň aýdyma-saza bolan islegi günsaýyn artýar.
     Şu günler Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Zehin joşguny” atly saz festiwaly dowam edýär. Konserwatoriýanyň ýaş mugallymlary kesgitlenen meýilnama esasynda gyzykly konsert çykyşlaryny berýärler. Indi birnäçe ýyl bäri däbe öwrülen bu festiwalyň ýaş zehinleriň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Festiwalyň çäginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň "Kamera ansambly" we "Saz mugallymy" kafedralarynyň ýaş mugallymlarynyň gyzykly konsert çykyşlary hem uly üstünlik bilen geçdi. Selbi Hudaýberenowanyň Suraý Kubyýewanyň hem-de Ýazmyrat Baýramowyň  ýerine ýetiren eserleri konserde gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.
     Konsertde türkmen saz sungatynyň ussat kompozitorlarynyň hem-de beýik şahyrlarymyzyň sözlerine döredilen meşhur aýdym-sazlary ýaňlandy.
     Konsertiň dowamynda meşhur türkmen kompozitory N. Halmämmedowyň sazyna Mollanepesiň goşgusyna  döredilen "Tilden uýalar", A. Agajykowyñ sazyna Magtymguly Pyragynyň goşgusyna "Aýryldym", H Allanurowyñ sazyna "Näme sen" ýaly eserleri diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy. Dünýä saz medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän F. Şopeniň hem-de A. I. Haçaturýanyñ  ajaýyp eserleri hem çykyşlaryň içinden aýratyn saýlandy. Konserdiñ dowamynda O. Gurbannyýazowyñ  "Boýlaryňa", B. Hudaýnazarowyñ "Zyban göründi" we "Gül sähramyñ maňlaýyndan öpeli" ýaly birnäçe eserler diňleýjileriň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
     Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny we hoşşallyklaryny aýtdylar.

Göwher AGAGELDIÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.