Перейти к основному содержанию

Konserwatoriýada ýubileý konsert geçirildi

16.10.2026
15
Концерты

     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Muhammetmyrat Gapurowyň 70 ýaş ýubileýi mynasybetli “Duşuşyk agşamy” atly  konsert geçirildi. 
     Konserte konserwatoriýanyň halypa mugallymlary, talyplary, halypanyň dost-ýarlary, maşgala agzalary gatnaşdylar. Konsert Atageldi Rejepgulyýew tarapyndan alyp barylyp, has-da şatlyk şowhuna beslendi. Ilki bilen Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedow halypanyň döredijilik ýoly barada giňişleýin gürrüň berdi. Soňra konserwatoriýanyň halypa mugallymlary Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ýelena Osipowa , Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, kompozitor Suhan Tüýliýew, Türkmenistanyň halk artisti Omar Igamow gutlag sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew, myhmanlardan Türkmenistanyň halk artisti Kerim Gurbanalyýew, Türkmenistanyň halk artisti Seýit Nepesow dagylar halypanyň doglan güni bilen gutlap, oňa jan-saglyk, işinde üstünlik, maşgala abadançylygyny arzuw edip, owadan aýdymdyr sazlary ýerine ýetirdiler. 
     Konsertiň dowamynda “Aýgytly ädim” kinofilminden Artygyň aýdymy, türkmen halk sazy “Balsaýat”, türkmen halk aýdymy “Meýlishalan” ýaly aýdymlar halypa mugallymlar tarapyndan ýerine ýetirildi. Konsert bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň mugallymy Amanlyk Amanlykowyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy “Garrylar gerek” aýdymy bilen jemlendi. 
     Konsertde görkezilen ähli çykyşlar gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konserte gatnaşyjylar pursatdan peýdalanyp, okamaga, öwrenmäge, taryhymyzy, saz sungatymyzy, milliliklerimizi dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýtdylar. Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.

Leýli HUDAÝBERDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa” hünäriniň II ýyl talyby.