Esasy mazmuna geç

Saz sungatynyň ýaş zehinlerini birleşdirýän konsert

10.10.2026
18
Konsertler

     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl geçirilýän “Zehin joşguny” atly saz festiwaly sungatynda öz zehinini we ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezýän ýaşlar üçin möhüm döredijilik meýdançasynyň birine öwrüldi.
     Festiwalyň çäklerinde halkara bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we diplomatlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň, şeýle hem onuň çäklerinde geçirilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň ýeňijileriniň, zehinli ýaş mugallymlaryň we göreldeli talyplaryň konsert çykyşlary guralýar. Şeýle çäreler ýaş ýerine ýetirijileriň öz ukyp-başarnyklaryny giňden açyp görkezmegine, döredijilik taýdan kämilleşmegine we saz sungatyna bolan gyzyklanmasynyň has-da artmagyna ýardam berýär.
     Şu ýyl hem “Zehin joşguny” konsertiniň çäklerinde konserwatoriýanyň “Umumy fortepiano” kafedrasynyň ýaş mugallymlary Jennet Ataýewanyň, Maýa Nazarowanyň we Dursun Nazyýewanyň gatnaşmagynda aýdym-sazly konsert geçirildi.
     Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen eserler barada diňleýjilere gyzykly maglumatlar berildi. Alypbaryjynyň konsertde ýerine ýetirilen eserleriň we olaryň awtorlary hakynda beren düşündirişleri konsert maksatnamasynyň has çuňňur düşünilmegine we saz eserleriniň many-mazmunynyň diňleýjilere ýetirilmegine ýardam etdi. Konsertiň maksatnamasynda türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen bir hatarda daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerine hem giň orun berildi.
     Konsert Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň dünýä meşhur “Şelkunçik” baletinden “Şeker perisiniň tansy” atly eseri bilen açyldy. Bu eser “Umumy fortepiano” kafedrasynyň mugallymy Jennet Ataýewa hem-de “Halk sazy” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Perhat Tagiýew bilen bilelikde ýerine ýetirdiler.
     Maksatnamanyň dowamynda P. I. Çaýkowskiniň döredijiliginiň görnükli nusgalarynyň biri bolan, kompozitoryň 1893-nji ýylda döreden “Patetiki” atly altynjy simfoniýasynyň II bölümi ýaňlandy.
Konsert maksatnamasynda dünýä opera sungatynyň meşhur eserleriniň biri bolan Žorž Bizäniň “Karmen” operasyna hem aýratyn orun berildi. Kompozitoryň 1875-nji ýylda döreden bu operasy özüniň teatrlaşdyrylan häsiýeti, ispan milli saz äheňleri bilen baýlygy we joşgunlylygy bilen tapawutlanýar.
     M. Retrowiç tarapyndan fortepiano ansambly üçin täzeden işlenen “Karmen” operasyndan Fantaziýa eseri saz gurallarynyň, aýratyn-da fortepianonyň ýerine ýetirijilik mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge şert döredýär. Bu eser “Umumy fortepiano” kafedrasynyň mugallymlary Maýa Nazarowa we Jennet Ataýewa tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Olaryň çykyşlary diňleýjiler tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edildi.
     Konsertiň dowamynda E. L. Webberiň “Призрак оперы” atly meşhur müziklinden eserler hem ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, konsert maksatnamasy dürli döwürlere we dürli milli sazçylyk däplerine degişli eserleri özünde jemläp, diňleýjilere saz sungatynyň köpöwüşginli dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berdi.
     “Zehin joşguny” atly konsertiniň çäklerinde geçirilen “Umumy fortepiano” kafedrasynyň ýaş mugallymlarynyň konserti Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Çary Nurymowyň fortepiano we orkestr üçin konsertiniň ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi.
     “Zehin joşguny” ýaly saz festiwallarynyň geçirilmegi ýaş ýerine ýetirijileriň döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmek, olaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de saz sungatynda täze zehinleri goldamak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle döredijilik çäreleri konserwatoriýanyň mugallymlarynyň we talyplarynyň özara tejribe alyşmagyna, ýerine ýetirijilik medeniýetiniň kämilleşmegine hem-de diňleýjileriň ýokary derejeli saz sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna giň mümkinçilik döredýär.
     Şeýle ajaýyp konsertleriň, saz festiwallarynyň we bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Ahmet JUMAKULYÝEW
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby