Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda eýýäm birnäçe wagt bäri zähmet çekýän ýaş mugallymlaryň ýekelikdäki konsert çykyşlaryny geçirmek däbe öwrüldi. Ýakynda “Estrada sungaty” kafedrasynyň mugallymlary Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijisi Arzygül Gylyjowa bilen Tylla Saryýewanyň bilelikdäki “Zehin joşguny” atly konserti hem nusgawy eserlere beslendi.
Konserde türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen birlikde daşary ýurt kompozitorlarynyň aýdymlary hem ýaňlandy. Arzygül Gylyjowa N. Halmämmedowyň “Japbaklar” kinofilminden “Arzuw”, D. Hydyrowyň “Dillerme dessanym gel”, R. Rejepow “Ýalňyz ýoda”, H. Allanurowyň “Enejan” hem-de C. Gulak Artymowskiniň “Odarkanyň aýdymy” ýaly eserlerini Begenç Orazowyň sazandarlyk etmeginde ýokary derejede ýerine ýetirdi.
Tylla Saryýewa bolsa Aýsoltan Baýramowanyň sazandarlyk etmeginde ussat kompozitor R. Rejepowyň “Görogly” operasyndan Agaýunusyň ariýasyny, A. Eşpaýnyň “Iwan barada aýdymyny”, V. Chiaranyň “La spagnola”, Faminiň “Trawuşka-Murawuşka” hem-de W. Muhadowyň “Säher aýdymyny” ýerine ýetirip diňleýjileriň gyzgyn söýgüsini gazandy.
Konsertiň ahyrynda ýaş mugallymlar meşhur Türkmen kompozitory W. Muhadowyň “Aşyklaryň şäheri” aýdymyny bilelikde ýerine ýetirdiler. Bu iki zehinli mugallymyň sazlaşykly çykyşy tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna eýe boldy.
Konsertiň dowamynda oňa gatnaşan tomaşaçylar zehinli mugallymlar Arzygül Gylyjowa we Tylla Saryýewa alyp barýan mugallymçylyk we döredijilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sungat älemine giň ýol açyp berýän, medeniýetimize we sungatymyza çuňňur sarpa goýup, ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hudaýguly HANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.