Esasy mazmuna geç

Geliň dessan diňläliň

16.10.2026
11
Konsertler

     Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy, döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýeti, sungaty pajarlap ösýär. Bu hem biz bagşy-sazandalary has-da begendirýär. 
     Ýaňy ýakynda 15-nji oktýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň "Bagşyçylyk sungaty" kafedrasynyň uly mugallymy "Türkmenistanyň at gazanan bagşysy",  sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Kerwen Ýowbasarowyň konserti geçirildi. Konserti açyp, alyp baran "Bagşyçylyk sungaty" kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Dünýägözel Gutlyýewa.  Konsertiň başynda Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza medeniýetmize sungatymyza goýýan sarpasy üçin alkyşlar aýdyldy. Kerwen Ýowbasarow konsertda "Görogly" şa dessanynyň ,,Öwez öýlenen” şahasyny ýerine ýetirdi we dessandan  birnäçe aýdymlaryny aýdyp berdi. Oňa gyjakda "Türkmen sazy" kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Döwletgeldi Ysmaýylow sazandarlyk etdi. 
     Kerwen Ýowbasarowyň ýerine ýetirmegindäki "Görogly" şa dessanynyň "Öwez öýlenen" şahasy diňleýjilerimiz tarapyndan täsirli  diňlenildi we talyp ýaşlarmyzda uly gyzyklanma galdyrdy. 
     Konsertiň ahyrynda bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan  Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyp, janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. 

Sahydursun Mätiýewa,
Maýa Kulyýew adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
"Bagşyçylyk sungaty" hünäriniň III ýyl talyby.