Milli saz sungatymyz Türkmen halkynyň taryhynda, kalbynda we ruhy dünýäsinde diňe bir sungat däl, eýsem halkyň taryhynyň ýaňy we kalbynyň owazydyr. Dutar bilen gyjagyň müňýyllyklardan gözbaş alýan sesi nesillerden-nesillere geçip, şu günlerimizde hem öz gymmatyny, täsirini we gözelligini ýitirmän saklap gelýär. Ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda saz muşdaklary üçin ajaýyp saz baýramçylygy — "Ussat mugallymlaryň konserti" geçirildi. Sahnada köp ýyllaryň dowamynda halypalaryň elinde kämilleşip, ussatlyga ýetişen "Türkmen sazy" kafedrasynyň ýaş mugallymlary, Türkmeniň altyn asyry bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän "Çalsana bagşy" bäsleşiginiň ýeňijisi, dutarçy Myrat Aşyrow hem-de gyjakçy Türkmenistanyñ Prezidentiniñ yglan eden: "Türkmeniñ Altyn asyry" bäsleşiginiñ ýeňijisi Sapamyrat Amanmyradow özleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetiren sazlary arkaly diňleýjilere ýakymly pursatlary bagyş etdiler.
Konsertiň dowamynda milli saz sungatymyzyň düýbini tutan we mirasyň altyn hazynasyna öwrülen meşhur eserler ýaňlandy:
"Bag içinde" sazy: Türkmen saz sungatynyň ussat halypasy, sazanda Täçmämmet Suhangulyýewiň döreden bu sazy Myrat Aşyrow hem-de Sapamyrat Amanmyradow bilelikde ýerine ýetirdiler. "Hasyl ýygymçy" sazy: Türkmenistanyň halk artisti, halypa Mylly Täçmyradowyň döreden bu sazy gyjak saz guralynyň täzeçe öwüşgini bilen Sapa Amanmyadowyň ýerine ýetirmeginde diňleýjilere ýetirildi. Dutaryň goşa tarynda halkyň içki duýgularyny we hyjuwlaryny şöhlelendirýän Türkmen halk sazy "Ýarahun" Myrat Aşyrowyň ýerine ýetirmeginde diňlenildi.
Sapa Amanmyadowyň ýerine ýetirmeginde Türkmen halk sazy "Ak eşekli" hem-de "Zöhrejan" sazlary ýaňlandy. Dutar ýerine ýetirijilik ýollarynyň Mary sebitlerinde meşhurlyga eýe bolan saz taryhyndan "Gülüm Öwezjan" halk sazy ýerine ýetirildi. Bu saz Mary ýolunyň ussat halypasy Amannazar Ataýewiň we Ahal ýerine ýetirijilik mekdebiniň halypalarynyň biri ussat Gurbannazar Nurymowyň repertuaryndan ugur alnyp, Myrat Aşyrow tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Mukam diňe bir saz bolman, halkyň taryhy hem-de içki dünýäsidir Sapa Amanmyradowyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp mukamlaryň biri bolan "Goňurbaş mukamny" şeýle hem Myrat Aşyrowyň ýerine ýetirmeginde "Gülhanym" sazy ýaňlandy.
Mukamlara beslenen bu ajaýyp konsert türkmen milli saz sungatynyň ýaş nesilleriň elinde kämilleşip, täze belentliklere göterilýändigini ýene bir gezek subut etdi. Ýaş mugallymlar Myrat Aşyrowa we Sapamyrat Amanmyradowa sungat äleminde üstünlikler arzuw edýäris.
Bize okamaga, öwrenmäge we şeýle ajaýyp sungat çärelerini geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!
Ataýewa Gülnar
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby