Skip to main content

Nusgawy sazyň muşdaklary üçin ajaýyp konsert geçirildi

09.10.2026
54
Concerts

     Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly sungatymyzyň we medeniýetimiziň bedew bady bilen öňe barýan ýyllarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş berýän eşretli zamanasynda halkymyzyň aýdyma-saza bolan islegi günsaýyn artýar. Bu ugurda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary mynasyp işleri alyp barýarlar.
     Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda saz sungatymyzyň altyn hazynasyna öwrülen eserlerden düzülen uly baýramçylyk konserti geçirildi. Geçirilen konsertde türkmen nusgawy kompozitorlarynyň hor üçin ýazylan eserleri ýaňlandy.
     Konsert meýilnamasynda ýer alan B.Hudaýnazarowyň “Derýa”, R.Rejepowyň “Saňa”, N.Halmammedowyň “Geler”, we “Hüwdi”, R.Gutlyýewiň “Daň şemaly”, A.Agajykowyň “Aýly agşam”, hem-de N.Muhtarowyň “Gel Türkmenistana” ýaly giňden tanalýan ajaýyp eserleri täze öwüşginde ýaňlandy. Ýeri gelende bellesek bu ajaýyp eserleri konserwatoriýanyň halypa mugallymy Ý.Sarkisow hor topary üçin täzeden işledi.
     Konsert dabarasynda nusgawy eserleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary täzeçe öwüşgin bilen ýerine ýetirdiler. Toparyň çeper ýolbaşçysy – Türkmenistanyň halk artisti Gurbanmyrat Babaýew, hormeýsteri bolsa Rano Orunowa.
     Geçirilen çäre diňleýjilerde uly täsir galdyrdy we tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Nusgawy saz muşdaklary üçin bu konsert hakyky ruhy baýramçylyga öwrüldi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen sungatynyň gülläp ösmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny we hoşşallyklaryny aýtdylar.

Dinara DAWLETOWA
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby