Esasy mazmuna geç

Bäsleşigiň ýeňijileri bilen döredijilik duşuşygy

03.10.2026
20
Döredijilik duşuşygy

     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda saz sungatynyň görnükli wekilleri, döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijileri bilen döredijilik duşuşyklaryny geçirmeklik eýýäm birnäçe wagt bäri däbe öwrüldi. 
     Ýakynda şeýle duşuşyklaryň biri “Halk sazy” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, Sahydursyn Mätiýewanyň gurnamagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäginde geçirilen “Çalsana bagşy 2026” bäsleşikleriniň ýeňijileri bilen geçirildi. 
     Bu döredijilik duşuşygynda “Çalsana bagşy 2026” bäsleşiginiň ýeňijileri konserwatoriýanyň “Bagşy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Merjen Jumabaýewa, “Türkmen sazy” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Aýnäzli Rahmanowa, “Türkmen sazy” hünäriniň 4-nji ýyl talyplary Öwezgeldi Gutlyýew, Yhlas Samadow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Munisa Hudaýbergenowa arzyly myhmanlar boldular. 
     Duşuşygyň dowamynda ýeňiji talyplar özleriniň hünär mugallymlary bilen halyp-şägirtlik gatnaşygy esasynda öwrenýän eserleri dogrusynda, bäsleşikde ýerine ýetiren sazlary barada giňişleýin gürrüň berdiler. 
     Duşuşygyň dowamynda Yhlas Samadowyň milli senedimiz bolan dutar saz guralynda ýerine ýetiren “Göroglynyň at oýnadyşy” sazyndaky ajaýyp tilsimleri, Merjen Jumabaýewanyň Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edip ýerine ýetiren aýdymy tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy. 
     Duşuşygyň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijileri talyp ýaşlaryň okamagy, döretmegi, öz zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmagy üçin döredilýän şertlere çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.    

Aýläle GULMURADOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Kompozisiýa" hünäriniň III  ýyl talyby.