Skip to main content

Şa serpaýyňyz gutly bolsun!

02.10.2026
14
Education

     Garaşsyzlyk — diňe bir taryhy wakanyň beýany bolman, eýsem halkyň durmuşyny täze ösüşlere besleýän, geljege bolan ynamy berkidýän beýik gymmatlykdyr. Türkmen halky üçin mukaddes Garaşsyzlyk – parahatçylyk, agzybirlik, döredijilik we rowaçlyk ýolunyň başlangyjydyr.
     Ata Watanymyz ähli ugurlar boýunça buýsandyryjy netijeleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny beýik ýeňişlere, şöhratly wakalara besleýär. Agzybirligiň, abadan we bagtyýar durmuşyň mekanyna öwrülen güneşli Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan uly üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan oňyn bitaraplyk daşary syýasaty bilen bütin dünýäde uly abraý-hormata eýe bolýar. 
     Mälim bolşy ýaly,  hormatly Prezidentimiz  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Watanmyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli zähmetde tapawutlanan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky degişli resminamalara gol çekdi. Şunuň esasynda  raýatlarymyzyň arasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýetini, şöhratly taryhymyzy, milli gymmatlyklarymyzy beýan edýändikleri, kämil eserleri döredýändikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edýändikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşýandyklary, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändikleri hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp , Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy”, “Türkmenistanyň halk artisti”, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňjisi, “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, “Türkmenistanyň  at gazanan artisti”, “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” ýaly birnäçe   hormatly atlar  dakyldy.
     Şolaryň arasynda biziň bilim ojagymyz bolan  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýän mugallymlaryň birnäçesi hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna mynasyp boldular. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň "Türkmen sazy" kafedrasynyň professory Elaman Nurymowa  Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy. 
     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň okuw işleri boýunça prorektory Baýmyrat Begmyradowiç Gutlymyradow   Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin”  medaly bilen sylaglandy.
     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň "Ýörite fortepiano" kafedrasynyň uly mugallymy Aşir Annamyradowiç Aşirowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti»  diýen hormatly at dakyldy.
     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň "Dirižýorlyk" kafedrasynyň uly mugallymy Nury Muhyýewe Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň "Estrada sungaty" kafedrasynyň uly mugallymy Arzuwgeldi Möwlamberdiýewiç Hudaýberdiýewe  «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly at dakyldy.
     Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri boýunça;  Iň gowy tans, halk döredijiligi we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary üçin: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Simfoniki orkestrini (orkestriň dirižýory Döwletmämmet Azady ogly Ökdirow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat; 
     Aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň "Bagşyçylyk sungaty" kafedrasynyň mugallymy Meýlis Ýaýlymyradowiç Goçmyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat; Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň "Orkestr saz gurallary" fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Munisa Žasurbekowna Hudaýbergenowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat; Sazandanyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň "Türkmen sazy" kafedrasynyň mugallymy Sapamyrat Baýrammyradowiç Amanmyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat bilen sylaglanyp Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular.
     Biz hem halypa mugallymlarymyzy we talyp deň-duşlarymyzy  Watanmyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gazanan üstünlikleri  bilen tüýs  ýürekden gutlaýarys! Gelejekde-de olara döredijilik äleminde uly ýeňişleriň we üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!


Orazbagt ARSLANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby