Перейти к основному содержанию

“Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly wagyz-nesihat

18.09.2026
6

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda  uly ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda medeniýetde, sungatda, syýasatda we ykdysadyýetde uly özgerişler amala aşyrylyp, medeni mirasymyzy, sungatymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Muny bolsa, ýurdumyzda geçirilýän medeni çäreler, aýdym-sazly konsertler, ylmy-amaly maslahatlar subut edýär. 
     Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly wagyz-nesihat çäresi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň "Türkmeniň buýsanjy" atly goşgusynyň many-mazmuny we çeperçilik aýratynlyklary ýokary okuw jaýymyzda terbiýeçilik ähmiýetine eýe boldy. Maslahata “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň müdiri we uly mugallymy Gözel Aýnazarowa, uly mugallymy Gülşirin Otuzowa we Dünýägözel Almowowa hem-de “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ýusup Meredow gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäräniň dowamynda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan okuw sapagyna gatnaşmak hem-de Milli Liderimiziň ýaşlara beren öwüt-ündewlerini diňlemek bagtynyň miýesser eden pursaty, mundan beýläk-de kämil nesilleri ýetişdirmäge örän jogapkärli çemeleşmek baradaky pikirleri has-da pugtalandyryldy. Çünki, türkmen halkymyz ýaş nesil terbiýesini, olary ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek meselesini esasy maksat edinýär. 
     Şeýlelikde, ýurdumyzda amala aşyrylýan durnukly ösüşleriň ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna göz ýetirmek bolýar. Maslahatyň ahyrynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ylym-bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan ýokary derejä çykarmak üçin uly işleri alyp barýan alym Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
     Türkmen halkyny bagtyýar geljege tarap ynamly öňe alyp barýan, ýurdumyzyň halkara abraýyny galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, bütin adamzat bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

AÝJAN DURDYMYRADOWA, 
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň 
“Saz mugallymçylygy” hünäriniň I ýyl talyby