Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak sütünlerini berkitmekde, taryhy-medeni mirasy aýawly saklamakda we kämilleşdirmekde uly ýaşly nesliň eýeleýän orny ylmy-pelsepewi taýdan aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda jemgyýetçilik agzybirliginiň, asylly maşgala sütünleriniň we uly ýaşly nesillerimize bolan belent sarpanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmegi, berkarar döwletimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň subutnamasydyr. Her ýylda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýän ýaşuly professor-mugallymlary we işgärleri gutlamak dabarasy geçirildi.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-döredijilikli başlangyçlary netijesinde, uly ýaşly nesilleriň baý durmuş tejribesini, pähim-paýhasyny hem-de milli edep mekdebini ýaşlaryň terbiýeçilik ulgamyna ornaşdyrmak işi yzygiderli alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdebinde guralan çäre pederleriň we eneleriň jemgyýet öňündäki hyzmatlaryna ylhamly sungatyň üsti bilen goýulýan belent hormatyň amaly beýany boldy.
Dabaranyň ylmy-çeperçilik maksatnamasynyň çäginde konserwatoriýanyň zehinli talyp ýaşlarynyň hem-de tejribeli halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda taýýarlanan we milli aýdym-saz sungatynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän ajaýyp konsert çykyşlary görkezildi. Çykyşlaryň ideýa-çeperçilik gurluşy guralanda, Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik pähimleri we uly nesli sarpalamak, olaryň durmuş nesihatlaryny sungatda dabaralandyrmak baradaky esas goýujy garaýyşlary ylham çeşmesi hökmünde peýdalanyldy. Sahnada ýaňlanan nusgawy we döwrebap eserleriň kämil nusgalary gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň jemleýji böleginde çykyş eden sarpaly ýaşulularymyz we mähriban enelerimiz ýaş nesillere milli sungaty ösdürmek ugrunda ak patalaryny berdiler. Şeýle-de bagtyýar döwrüň hözirini görüp ýaşamak we döredijilikli zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikleri peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Bu medeni-çäre, türkmen jemgyýetinde nesilleriň arabaglanyşygynyň ylmy, taryhy we amaly taýdan dowamat-dowamdygyny aýdyň görkezdi.
Gülşirin OTUZOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.