Перейти к основному содержанию

Halypalaryň zähmeti öz miwelerini berdi

01.09.2026
19
Соревнования

     Milli medeniýetimizi, baý saz mirasymyzy hem-de asyrlar boýy dowam edip gelýän bagşyçylyk sungatymyzy dikeltmekde we ony täze belentliklere götermekde uly işler alynyp barylýar. Mälim bolşy ýaly eýýäm birnäçe ýyl bäri däbe öwrülen zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda netijesini görkezýän Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn asyry" atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän "Çalsana bagşy!" bäsleşigi "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda hem uly dabara bilen geçirildi. Bu bäsleşikde Türkmen milli konserwatoriýasynyň "Bagşy" hünäriniň 1-nji ýyl talyby Merjen Jumabaýewanyň, "Türkmen sazy" hünäriniň 4-nji ýyl talyplary Yhlas Samadowyň, Öwezgeldi Gutlyýewiň, şol hünäriň 5-nji ýyl talyby Aýnäzli Rahmanowanyň ýeňiji diýilip yglan edilmegi hasda buýsandyryjydyr. Aýratyn hem bellemeli zat, talyplarymyzyň bu derejedäki abraýly bäsleşiklerde ýeňiji bolmagy tötänden däl. Sebäbi biziň talyp ýaşlarymyz çagalykdan bäri sazçylyk mekdeplerinde, ýörite sazçylyk sungat mekdeplerinde we ýörite sazçylyk mekdep internatlarynda bu ugur boýunça bilim we terbiýe alyp gelýärler. Şol çagalykdan başlanan tutanýerli zähmet we milli saz sungatymyza bolan söýgi bu günki günde olaryň bagşyçylyk we sazandalyk ussatlygynyň berk binýadyny düzýär.
     Şeýle hem bu gazanylan uly üstünlikleriň gözbaşynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gelýän halypa-şägirtlik ýoly durýar. Halypalarymyzyň öz toplan baý tejribesini, saz sungatynyň inçe syrlaryny ýaş nesillere yzygiderli öwretmek netijesinde ýaşlarymyz täze belentliklere ýetýärler.   
     Talyplarymyzyň gazanan bu ýeňişleri – milli saz sungatymyzy, bagşyçylyk däplerimizi belende götermekde we geljekki nesillere ýetirmekde halypa mugallymlarymyzyň çekilýän taýsyz zähmetiniň aýdyň netijesidir.
     Milli saz sungatymyzyň, şol sanda halypa-şägirtlik ýolunyň gadyr-gymmatyny belentde saklamak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak we olaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, milli medeniýetimizi we sungatymyzy goldaýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýaşlaryň alkyşlary we hoşallyklary soňsuzdyr.

 

Dinara DAWLETOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sazşynaslyk" hünäriniň III ýyl talyby