Her ýyl däp bolşy ýaly, Gruziýa döwletinde klassiki sazy boýunça bütindünýä meşhur Sinandali festiwaly bu ýyl hem uly dabara bilen geçirildi. 2026-njy ýylyň 15-nji awgusty – 14-nji sentýabry aralygynda geçirilen bu abraýly sungat baýramyna dünýäniň köp sanly döwletlerinden iň zehinli talyplar ýygnandylar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Orkestr saz gurallary” fakultetiniň talyplary Ysmaýyl Sähetmyradow bilen Seýran Atanyýazowyň bilelikde bu festiwalda çykyş etmekleri has-da buýsandyryjydyr. Festiwala Türkmenistan bilen bir hatarda Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Özbegistan, Türkiýe we Ukraina ýaly döwletleriň ýaş zehinli sazandalary hem gatnaşdylar.
Saz baýramynyň çäklerinde dünýä belli kompozitorlar Nikolaý Andreýewiç Rimskiý-Korsakow, Moris Rawel, Lýudwig wan Bethowen we Gustaw Maleriň meşhur klassiki eserleri ýerine ýetirildi. Ýaşlardan düzilen orkestre Italiýadan çagrylan meşhur dirižorlar Gianandrea Noseda, Rafael Paýare hem-de Nikolaj Szeps-Znaider dagylar ýolbaşçylyk etdiler. Festiwalyñ dowamynda meşhur solistler Liza Batiaşwili bilen Pinhas Zukermanyň skripkada ýerine ýetiren klassiki sazlary özüniň beýik çeperçiligi we ýokary ussatlygy bilen aýratyn tapawutlandy.
Türkmen ýaşlarynyň Gruziýada geçirilen Sinandali festiwalyna gatnaşmagy diňe bir döredijilikli duşuşyk bolman, eýsem halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, türkmen medeniýeti bilen dünýä sungatynyň arasyndaky baglanyşyklary pugtalandyrmaga hem-de milli medeniýetimizi giňden dabaralandyrmaga uly goşant boldy.
Festiwalda üstünlikli çykyş eden talyp ýaşlar özleri üçin okamaga, döretmäge we dünýä derejesindäki sahnalarda çykyş etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna özleriniň ýüreklerinden çykýan çuňňur minnetdarlyklaryny bildirýärler.
Yhlas AMANGELDIÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyñ
“Kirişli saz gurallary” hünäriniň IV ýyl talyby.