Esasy mazmuna geç

Garaşsyzlyk – bagtymyz

24.09.2026
17

        Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli türkmen halkymyz “Garaşsyzlyk – bagtymyz” diýip uly buýsanç bilen aýdyp bilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda, ýagny 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna peşgeş beren “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly täze kitaby hem munuň aýdyň mysalydyr. Milli Liderimiziň  bu kitaby Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň döredijilikli kuwwatyny hemmetaraplaýyn beýan edýänligini belläp geçmeldir. Sebäbi Garaşsyzlygymyzy alan günümizden başlap, ata-babalarymyzyň arzuwlan zamanasyny amala aşyrmaga mümkinçilik döredi. Şeýlelikde, bolsa demokratik, hukuk dünýewi döwletimiziň binýady tutuldy. Ýurdumyzda ähli ugurlarda medeniýetde, sungatda, syýasatda we ykdysadyýetde uly özgerişler amala aşyryldy. 
     Häzirki günlerimizde-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz uly ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şol durnukly ösüşleriň ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna göz ýetirmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ylym-bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan ýokary derejä çykarmak alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
     Garaşszylyk bize öz dilimizi, medeniýetimizi we taryhymyzy erkin öwrenmäge mümkinçilik berdi. Talyplar bolsa milli gymmatlyklarymyzy geljek nesillere ýetiriji esasy halkadyr. Ýurdumyzda  talyplaryň ylymly- bilimli we kämil bolup ýetişmekleri, olaryň dünýä standartlaryna laýyklykda bilim almagy üçin giň gerimde uly işler alnyp barylýar. Ilkinji nobatda, döwrebap tehnologoýilar bilen enjamlaşdyrylan täze bilim binalaryň we kitaphanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de, sanly bilim ulgamynda birnäçe elektron kitaphanalaryň we saýtlaryň döredilmegi ýaşlaryň döredijilik taýdan has-da kämilleşmegine itergi berýär.
         Garaşsyzlyk ýyllarynda medeni mirasymyzy öwrenmäge hem giň mümkinçilikler döredildi. Halkymyzyň aýdym-sazyny, milli mirasyny öwrenip, ussat halypalarymyz we olaryň döredijiligi ýaşlarymyz üçin görelde mekdebi  boldy. Döwlet tarapyndan ýaş alymlara, zehinli talyplara berilýän yzygiderli goldawlar barada hem aýtmak bolar. Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen mümkinçilikler bolsa ýaş sazşynaslary türkmen professional aýdym-saz sungaty we milli mirasymyz bilen bagly ylmy gözlegleri alyp barmaga ruhlandyrdy. Ylmy gözleg işleri Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýamyzda hem giňden alnyp barylýar.  
         Ýagny, ýokary okuw jaýymyzda bilim alýan talyp ýaşlar Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşige birnäçe ylmy işler bilen gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olar türkmen folklorynyň dürli saz žanrlaryny, şeýle-de bagşy-sazandalaryň baý aýdym-saz mirasyny we ýokary ussatlygyny talap edýän ýerine ýetirijilik däplerini, türkmen sazynyň taryhyna we nazaryýetine, halypa aýdymçylaryň döredijilik ýoluna degişli ylmy gözleg işlerini alyp barýarlar. Mundan başga-da,  aýdym-sazy öwretmegiň usulyýetine degişli temalardaky ylmy gözleg işleri hemýaş sazşynaslary gyzyklandyrýar.
Şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky konserwatoriýamyzda bilim alýan talyp ýaşlar döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklere we onlaýyn bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy buýsandyryjy wakadyr. Her bir talyp öz saýlan ugrunyň ussat hünärmeni bolmalydyr. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, talyplaryň arasynda “Zehin” bäsleşigi hem geçirilýär. Bu bolsa geljekde ýokary okuw jaýýymyzda ökde hünärmenleriň sanynynyň has-da artmagyna itergi berýär.
      Ylymly-bilimli, kämil talyp ýaşlaryň döredijilik ukubynyň ösmegi üçin hem birnäçe işler alnyp barylýar. Muňa mysal edip, konserwatoriýamyzda diňe zehinli, başarjaň talyp ýaşlardan düzülen döredijilik toparyny hem görkezmek bolar. Ýagny, bu ýerde her bir talyp öz döredijilik ukuby bilen birnäçe medeni çäreleri, bäsleşikleri, aýdym-sazly konsertleri yzygiderli geçirmäge mümkinçilik döredilen. Şeýlelikde, döredijilik toparynyň gurnamagynda halypa bagşy-sazandalar we olaryň şägirtleri, medeniýet we sungat işgärleri, hormatly atlaryň, baýraklaryň eýesi bolan halypa artistler we şahyrlar bilen bilelikde aýdym-sazly dabaralar we duşuşyklar geçirilýär. Bu bolsa beýleki talyp ýaşlaryň döredijilik ukubynyň kämilleşmegine öz täsirini ýetirýär.
          Ine bu aýdylanlaryň ählisi bolsa ylym-bilim ulgamynda Garaşsyzlygymyzyň talyp ýaşlara beren bagtydyr. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, talyplaryň geljekde öz saýlan ugrundan ussat hünärmen bolmagyna, we döwrebap şertlerde ýaşamagyna uly goldaw berýär. “Garaşsyzlyk – bu biziň geçmişimize guwanjymyz, şu günümize buýsanjymyz we geljegiň açarydyr. Şol açar bolsa ýaşlaryň, ýagny talyplaryň elindedir” – diýip Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hem belläp geçýär.
         Garaşsyzlyk – bu biziň iň uly bagtymyz, taryhy ýeňşimiz we geljegimiziň berk binýadydyr. Bu mukaddes düşünje halkymyzyň mertlik taryhynyň ajaýyp miwesidir. Garaşsyzlyk ene dilimiz, milli medeniýetimiz, taryhy gymmatlykalrymyz we her bir raýatymyzyň erkin, bagtyýar durmuşydyr. Şonuň üçin hem Garaşsyzlygymyzy gözümiziň göreji deý goramak, ony täze üstünlikler bilen baýlaşdyrmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
      Türkmen halkyny bagtyýar geljege tarap ynamly öňe alyp barýan, ýurdumyzyň halkara abraýyny galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, bütin adamzat bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun! Mukaddes Garaşsyzlygymyz ebedi, Watanymyz parahat we halkymyz hemişe bagtyýar bolsun! 

Ýagmyrowa Arzygül
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti” hünäriniň V ýyl talyby