Esasy mazmuna geç

Öwez Gelenow bilen döredijilik duşuşygy

20.10.2020
61
Döredijilik duşuşygy

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen okamaga, medeniýetimizi,sungatymyzy öwrenmäge ähli mümkinçilikler bar. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda sungata ömrüniň elli ýyla golaýyny bagyşlan halypa artist, aktýor, şahyr, aýdymçy ussat halypa Öwezguly Gelenow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Halypanyň özsungat ýoly hakynda beren gyzykly gürrüňleri ýaşlara täsirli boldy. Döredijilik duşuşygynyň başynda ussat halypanyň sungat ýoly hakynda wideo-rolik görkezildi. Dabara gatnaşyjylar Öwezguly aganyň teatr sahnasynda janlandyran keşpleri, kinosungatynda ýeten belent sepgitleri hem-de şahyr ýüreginden dörän goşgylary, aýdymlary hakynda gyzyklandylar. Öwezguly aga aýdym aýdyp bermegi haýyşedenlerinde bolsa zehinli türkmen kompozitorlarymyzyň birnäçe aýdymlaryndan ýerine ýetirip, diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

     Pursatdan peýdalanyp, zehinli artist, ussat halypa Öwezguly aga beren gyzykly gürrüňleri, ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlary üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Geljekde sungat muşdaklaryny begendirip gezmegini, döredijilik işinde üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris!

     Milli medeniýetimize, sungatymyza goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.