Esasy mazmuna geç
“Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama, söz içinde gelin-gyz hem bolmasa”

“Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama, söz içinde gelin-gyz hem bolmasa”

24.02.2024
1
Dünýä habarlary

     Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bu günki gün toýlarymyz toýlara ulaşýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Türkmen halysynyň milli muzeýiniň  bilelikde  geçirmeginde “Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama, söz içinde gelin gyz hem bolmasa” ady bilen talyp gyzlar, zenan mugallymlar we halyçy gelinlerimiziň gatnaşmagynda, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlary el işleri, maşgala mukaddesligini hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleri belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, arassa ahlaklylyk, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek boýunça  terbiýeçilik ähmiýetli üme çäresi geçirildi. Bu çäre aýdym-saz bilen utgaşykly bolup has-da täsirliligini artdyrdy. Gyz-gelinler ýürek buýsançlaryny öz joşgunly aýdymlarynda, sözlän sözlerinde yhlasly, ýokary ruhybelentlik bilen, ýurdumyzyň ösüşüni, gözelligini, ýylyň şygaryny  joşgunly dabaralandyryp beýan etdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt, döwlet, umumyadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.  
 
Aýgül ÝAGŞYÝEWA, 
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar 
guramasynyň başlygy, 
                                                      Türkmenistanyň at gazanan artisti.