Esasy mazmuna geç
Ýokary okuw mekdeplerinde konserwatoriýanyň simfoniki orkestriniň konserti geçirildi

Ýokary okuw mekdeplerinde konserwatoriýanyň simfoniki orkestriniň konserti geçirildi

04.12.2023
1
Konsertler

      Dekabr aýynyň içinde ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu konsertda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan  aýdymlar, türkmen kompozitorlarynyň ajaýyp eserleri ýaňlandy. Dabarada konserwatoriýamyzyň mugallymlary,  talyplary özleriniň aýdymdyr-sazlary bilen çykyş edip, diňleýjilere ruhy lezzet paýlady.