Esasy mazmuna geç
Konserwatoriýanyň mugallymynyň halkara derjesindäki üstünligi

Konserwatoriýanyň mugallymynyň halkara derjesindäki üstünligi

27.12.2022
23
Ylym

Türkmen  sazşynasy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň müdiri  Bahargül Ýakubowa “2022-nji ýylyň gowy ylmy-barlag” işi atly XXXVIII halkara bäsleşikde 1-nji orna mynasyp boldy. Russiýa Federasiýasynyň Penza şäherinde hereket edýän “Halkara ylmy hyzmatdaşlyk merkezi” tarapyndan geçirilen bu bäsleşige Bahargül Ýakubowa sungaty öwrenijilik seksiýasy boýunça öz işini hödürledi. 2021-nji ýylda “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagy mynasybetli ol öz ylmy işini dutar mirasy bilen bagly ýerine ýetirdi. B.Ýakubowanyň ylmy işi “Dutar-türkmen halkynyň ruhy gymmatlygy” diýip atlandyrylýar. Bäsleşigiň jemi boýunça saýlanan işler ýygyndy görnüşinde taýýarlanyldy. Ylmy işleri Elibrary.ru. elekrton kitaphana arkaly okamak bolar.