Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Biologiýa dersinden V Halkara internet olimpiadasy öz işini tamamlady

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Biologiýa dersinden V Halkara internet olimpiadasy öz işini tamamlady

26 Nov 2026, 10:07 116

2026-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde üç gün dowam eden biologiýa dersinden V Halkara internet olimpiadasy öz işini tamamlady.

Ders bäsleşiginiň netijesinde halkara talaplaryna laýyklykda 164 sany talyp ýeňiji diýlip yglan edildi. Olardan 16 sany altyn medallary we I derejeli diplomlar, 22 sany kümüş medallary we II derejeli diplomlar, 126 sany bürünç medallary we III derejeli diplomlary bilen sylaglandylar.